Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa dünýäde Belarus oppozisiýasyna berilýän goldawy öwýär 


Warşawada ýüzlerçe demonstrant Belarus oppozisiýasynyň gyzyl we ak baýdagyny galdyrdy.
Warşawada ýüzlerçe demonstrant Belarus oppozisiýasynyň gyzyl we ak baýdagyny galdyrdy.

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa häkimiýetler geçip barýan ýolagçy uçaryny Minskä gonduryp, bortdaky dissident žurnalisti tussag edeninden soň, dünýäniň dürli künjegindäki adamlar tarapyndan bildirilýän goldawa ýokary baha berdi.

Tihanowskaýa 29-njy maýda Wilniýusda žurnalistlere "Litwada we bütin dünýäde görýän goldawym maňa diýseň täsir etdi" diýdi. Tihanowskaýa Belarusyň oppozisiýasy bilen global raýdaşlyk gününiň çäginde birnäçe ýewropa paýtagtynda geçirilýän protestler wagtynda çykyp gürledi.

Ol meşhur blogçy, türmede galan we günäli tapylsa ýene kän ýyl tussaglykda oturjak adamsy Syarheý Tihanowskiniň tussag edilmeginiň ilkinji ýyl dönüminde hem protest bildirilmegine çagyrdy.

Raýdaşlyk ýörişleri Kiýewde we Warşawada-da geçirildi we uçar ýolundan sowlandan soň, 23-nji maýda söýgülisi Sofiýa Sapega bilen bilelikde tussag edilen belarus žurnalisti Raman Pratasewiçiň ene-atasy hem çykyp gürledi.

Warşawada ýüzlerçe demonstrant Pratasewiçiň we Sapeganyň suratlaryny alyp, Belarus oppozisiýasynyň gyzyl we ak baýdagyny galdyrdy. Şeýle-de, Media azatlygy koalisiýasynyň agzalary 29-njy maýda ýolagçy uçarynyň zor bilen ýolundan sowulmagyny we Pratasewiçiň tussag edilmegini ýazgarýan beýannama çap etdi.

XS
SM
MD
LG