Gyrgyzlar, täjikler serhet çaknyşyklarynyň pidalarynyň ýasyny tutup, zeper ýeten obalaryna dolanýarlar
28-29-njy aprelde bolan ýaragly çaknyşyklar 50-den gowrak adamyň başynda ýeteninden soň, täjik-gyrgyz serhediniň iki tarapynda hem merhumlar topraga berildi, ýas tutuldy. Söweş dawaly sebitdäki suw desgalary sebäpli dörän dartgynlyklar arasynda turdy. 1-nji maýda başlanan ýaraşykdan bäri göçürilenler öýlerine dolanyp başlady, ýöne köp adam söweş ýa talaňçylyk sebäpli zyýan ýeten we ýumrulan öýlerini görüp, gynanmaly boldy. (Häzirki zaman, Gyrgyz we Täjik gulluklary)