Gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaýlar, soňky günleriň dowamyndaky adam ýitgili çaknyşyklardan soňra, häzir durnukly bolmagynda galýar. Bu aralykda, taraplar gazaplylykda birek-biregi aýyplaýar.
4-nji maýda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň günorta-günbataryndaky, Täjigistanyň Sughds welaýaty bilen serhetleşýän, Batken regionynyň gözegçilik astyna alnandygyny mälim etdi. Mundan bir gün, taraplaryň ikisi-de serhetýakadan harby güýçlerini yza çekýändigini yglan etdiler.
Ministrligiň maglumatyna görä, gyrgyz hünärmenleri Aktatyr obasyndaky çaknyşyklardan soň ýarylman galan ok-därileri aýyrmak işlerini geçirýärler. Çaknyşyklar bu sebitdäki suw paýlaýyş merkeziniň üstünde 28-nji aprelde başlanyp, tas üç günläp dowam edipdi.
Gyrgyzystanyň saglyk ministriniň orunbasary Aliza Soltonbekowa çaknyşyklarda 36 gyrgyz raýatynyň ölendigini, 189-synyň ýaralanandygyny we 59 müň adamyň sebitden ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Soltonbekowanyň maglumatyna görä, häzir Bişkegiň keselhanasynda çaknyşyklarda şikes alan 51 adam bejergi alýar. Mundan başga-da, 49 adam Batken regionynyň hassahanasynda bolmagynda galýar.
Täjik resmileri çaknyşyklarda çeken ýitgileri barada maglumat bermediler. Emma sebite baryp gören Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçylary azyndan 16 täjik raýatynyň, şol sanda harby ofiserleriň öldürilendigini, 90 adamyň ýaralanandygyny, şeýle-de çaknyşyklaryň netijesinde Hojaý Alo we Somoniýon obalarynda ençeme jaýlara zeper ýetendigini habar berdiler.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda köp sanly serhet sebitleri jedellidir. Taraplaryň arasynda ençeme gezek ganly atyşyk wakalary boldy. Uzynlygy 970 kilometrlik gyrgyz-täjik serhediniň ýarysy çemesi bölünmän galýar we soňky 30 ýylda dartgynlylyga sebäp bolýar. Soňky çaknyşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky dawanyň has ula ýazmak howpuny artdyrdy.
Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Russiýa iki tarapy hem ok atyşyklary bes etmek baradaky gelnen ylalaşyga hormat goýmaga çagyrdylar.
Gyrgyzystanda we Täjigistanda Russiýanyň harby bazalary ýerleşýär.
Merkezi Aziýanyň iki döwletiniň hem baş prokuraturalary adam pidaly gazaplylyk boýunça jenaýat işini açdylar.