Halkara pul gaznasy (BPG/IIM) 24-nji aprelde, hökümetleriň COVID-19 pandemiýasynyň adam we ykdysady täsirlerini çäklendirmek üçin görýän esasy ykdysady çäreleri boýunça taýýarlaýan synyny täzeledi.
Soňky çap edilen maglumatlarda 193 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň koronawirus pandemiýasy bilen bagly gören ykdysady çärelerine nazar aýlanýar.
Bu hasabat Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň giňden bellenilýän, prezidentiň öz kitaplarynyň söwdasynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berýän wagtyna gabat geldi.
Prezidentiň gatnaşmagynda berilýän sadaka, adatça boly ýaly, bu çärä hiç bir dahyly bolmadyk ýaşaýjylaryň hem rahatlygyny bozdy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji aprelde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa ir ertirden başlap, ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde goýlan awtoulaglary görünmeýän ýerlere ýygnamagy, berk düzgünde hatara goýmagy talap etdi.
"Andalyp köçesinden her 10 minutdan bir awtoulag sirenasyny gygyrdyp geçýär, häzir polisiýa işgärleri kwartiralara aýlanyp, Andalyp köçesine çykýan äpişgeleriň öňüne barmagyň gadagandygyny düşündirýär" diýip, habarçy ýazdy.
Şeýle-de ol, prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň buýrugy esasynda, polisiýa işgärleriniň ýaşaýyş jaýlarynyň arasyna ýaýradylýandygyny, köçeleriň gyrasyndan barýan pyýadalaryň kowulýandygyny, jürlewükleriň jürledilýändigini, ses gataldyjyda gygyrylýandygyny we hapa sögünçleriň eşidilýändigini habar berdi.
Şol bir wagtda, habarçy sadaka beriljek metjidiň bu ýerden daşdygyny, prezidentiň ýakynrak bir ýere gelmeginiň hem mümkindigini belledi.
Hökümet tankytçylary Türkmenistanda guralýan atçapyşyklaryň hakykatda durşuna prezidentiň mahabatyna öwrülendigini aýdýarlar.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda COVID-19 diagnozy goýlan näsag ýok. Emma muňa garamazdan, HPG gaznasy Türkmenistanyň ýanwar aýynda bu keseliň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýany döredendigini belleýär.
Şeýle-de, häkimiýetleriň ýurtda COVID-19 ýaýramagynyň öňüni almak üçin serhetleri ýapmak, uçar gatnawlaryny togtatmak,gelýän syýahatçylar üçin hökmany COVID-19 synaglaryny ýola goýmak ýaly çäreleri görendigi aýdylýar.
Emma HPG-nyň ýurtda, koronawrus ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň çäginde, “sport çäreleriniň ýatyrylandygy” barada aýdýanlary o diýen hakykata gabat gelmeýär.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, 20-nji aprelde Aşgabatda ýüzlerçe adam futbol boýunça milli liganyň oýnuna tomaşa etmek üçin stadiona jemlendi.
Mundan başga, ýurtda türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çägindäki köp adamly çäreler dowam etdirilýär.
Hasabatda türkmen häkimiýetleriniň içerki herekete çäklendirme girizendigi, käbir welaýatlaryň arasyndaky ýollary ýapyp, demirýol gatnawyny çäklendirendigi hem bellenip geçilýär.
Görlen çäreleriň arasynda mekdep dynç alyşlarynyň möhletiniň uzaldylmagy, BSG-nyň maslahaty esasynda, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak maglumatlarynyň berlendigi hem bellenilýär.
Lukmançylyk edaralary üpjünçilik we gorag enjamlary bilen üpjün edilýär; Häkimiýetler habarlylyk kampaniýasyny alyp barýarlar;COVID-19 gyzgyn telefon liniýasy işe girizildi diýip, HPG türkmen mediasyna salgylanyp aýdýar.
Halkara pul gaznasynyň hasabatynda döwlet býujetiniň çykdajylaryna gaýtadan seredilýändigi, şol sanda, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin saglyk çykdajylaryny köpeltmek we çäklendirme çärelerinden ejir çeken kärhanalara goldaw bermekähtimallygy hem agzalyp geçilýär.
Emma muňa garamazdan, 3-nji aprelde “gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyran Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy aprelde Aşgabadyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ol gurluşyklaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, “Arkadag” myhmanhanasy we Hökümet münberiniň binasy hem bar.
Synçylar bu desgalaryň ýurduň iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän wagtynda, global pandemiýa sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň pese gaçýan wagtynda gurulýandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de prezident, 24-nji aprelde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça, paýtagtdaky bedew heýkelleriniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazmak üçin britan kompaniýasyndan bahasy £1 millionlyk çäge satyn almagy hem ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklarynyň arasyna gabat geldi.
Şu aralykda, türkmen prezidentiniň atlar hakyndaky kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde çap edilendigi habar berildi.
Adatça, prezidentiň ‘galamyndan çykan’ eserler birbada üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.
Hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikirine görä, Berdimuhamedowyň kitaplary döwlet serişdesine çap edilýär we ýaýradylýar, raýatlar köplenç olary satyn almaga mejbur edilýär, emma daşary ýurtlarda olaryň beýle geçmeýändigi aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, prezident galam haklarynyň hasabyna döwlet serişdesine gurlan metjitlerde sadaka bermegini dowam etdirýär we şeýle sadakalaryň biri 24-nji aprelde Parahat -7 ýaşaýyş toplumyndaky metjitde hem berildi diýip, TDH habar berdi.
Mundan öňem TDH beýleki regionlardaky metjitlerde bolan sadakalar hakynda hem maglumat berip, olaryň döwlet baştutanynyň kitaplarynyň hasabyna berlendigini nygtapdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçylar prezidentiň berýän sadakalaryna regionlardaky we paýtagtdaky aç-hor adamlaryň goýberilmeýändigini, naharlanmaga diňe öňünden saýlanan elita agzalarynyň gelýändigini aýdýarlar.
Hasabatyň ahyrynda türkmen hökümetiniň koronawirus aladalary bilen baglylykda gören pul we makro-maliýe çäreleriniň bolmandygy, häzirki halkara töleglerine we amallaryna alyş-çalyş çäklendirmeleri hasam güýçlendirildigi aýdylýar.
Ýogsa onuň başynda, türkmen metbugatyna salgylanyp, esasy möhüm we iň ileri tutulýan import amallaryny hem-de taslamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt walýutalary we transport harajatlary bilen baglylykda, ýörite düzgünleriň hem işe girizilendigi habar berilýär.
Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, koronawirus aladalary esasynda girizilen çäklendirmeler ýurtda ozaldan hem bar bolan azyk gytçylygynyň güýçlenmegine alyp geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.