Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň halkara mediasyna goldawyny mälim etdi. Bu Russiýada häkimiýetleriň dawaly “daşary ýurt agenti” baradaky kanuny bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny ýapmak we sesini sem etmek boýunça tagallalarynyň arasyna gabat geldi.
Blinken “dünýäde demokratiki prinsipleri saklamak we ýaýratmak boýunça azat we garaşsyz medianyň möhüm roluny maslahat etmek üçin”, 6-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň Media boýunça Global Agentliginiň (USAGM) ýerine ýetiriji başlygy Kelu Çao bilen duşuşdy diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs aýtdy.
Blinken Çao bilen “Russiýanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny ýapmak we garaşsyz habarlaryň möhüm çeşmesiniň sesini sem etmek boýunça umumy aladalary maslahat edendiklerini” aýdyp, soňundan özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Russiýanyň media gözegçilik edýän Roskomnadzor döwlet gullugy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus dilli habar gulluklaryna garşy, ýurtdaky agyr düzgünlere laýyklykda ýazmaça we efir tolkunlaryndaky materiallaryny bellik etmändigini aýdyp, 400 golaý iş boýunça 1 million dollar töweregi jerime saldy.
Çao Blinkeniň Russiýanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna garşy bellik etmek baradaky çenden aşa talaplaryna we jerimelerine alada bildirmegini höweslenmek bilen garşylandygyny aýtdy. “Sekretar rus hökümetiniň garaşsyz žurnalistikany sem etmek tagallalary bilen özüniň hyzmat etmeli halkyna diňe zyýan ýetirýändigi bilen ylalaşdy” diýip, Çao sözüne goşdy. Bu barada USAGM-iň beýanatynda aýdylýar.
USAGM torunyň düzümine Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (RFE/RL), Azat Aziýa Radiosy (RFA), Amerikanyň Sesi (VOA), Ýakyn Gündogar Ýaýlym Tory (MBN) we Kubanyň Ýaýlym Edarasy (OCB) girýär.