Özbegistanyň saglygy goraýyş edaralary 1-nji aprelde COVID-19 garşy köpçülikleýin waksina kampaniýalaryna başlady. Paýtagtyň hem-de sebit paýtagtlarynyň ýaşaýjylaryna ilkinji bolup sanjym edilýär.
Saglyk ministrligi etrap merkezleriniň hem-de kiçi ilatly nokatlaryň ýaşaýjylaryna 1-nji maýdan başlap sanjym ediljekdigini Telegram arkaly habar berdi. Çetki sebitlerde waksinasiýa işleri iýunda başlanar.
Ministrlik koronawirusdan goranmak üçin ýurduň 32 million ilatynyň arasynda ilkibaşda britan-şwed “Vaxzevria” (öň AstraZeneca diýlip tanalýan) hem-de hytaý-özbek ZF-UZ-VAC 2001 waksinalarynyň ulanyljakdygyny aýtdy.
Ilkibaşda 65 ýaşdan ýokary adamlara, saglyk işgärlerine, hroniki keselli adamlara, çagalar baglarynyň we mekdepleriň mugallymlaryna hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine sanjym ediler.
Resmi beýanat “sanjym meýilnamalary üçin ýurt boýunça 3138 sanjym merkeziniň we 862 göçme saglyk nokadynyň gurulandygyny hem-de sanjym işlerine 4000-den gowrak lukmanyň we 11000-den gowrak şepagat uýasynyň gatnaşýandygyny” aýtdy.
1-nji aprele çenli Özbegistanda 83,050 koronawirus hadysasy resmi taýdan hasaba alyndy we 630 adam bu kesel bilen aradan çykdy.