Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew heniz hem Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunyň tranzit bölüminde galýandygyny, peneşenbe güni ony azyndan iki gezek Türkiýä ugratmakçy bolandyklaryny aýtdy.
Aeroportuň özünden Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň maşgala agzalaryna edýän basyşlaryny güýçlendirendiklerini hem belledi.
Ýatlatsak, internetdäki tankydy çykyşlary sebäpli türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanan türkmenistanly student Çöliýew 2-nji martda Stambuldan Moskwa barandan soňra, “Şeremetýewo” aeroportunda saklanypdy.
Rozgeldi Çöliýew Moskwa aeroportundan başdan geçirenlerini gürrüň berdi
Türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew heniz hem Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunyň tranzit bölüminde galýandygyny, peneşenbe güni ony azyndan iki gezek Türkiýä ugratmakçy bolandyklaryny aýtdy. Aeroportuň özünden Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň maşgala agzalaryna edýän basyşlaryny güýçlendirendiklerini hem belledi.