Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de ýumurtga ýetmezçiligi ýüze çykdy


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasynyň ýetmezçiligi ýene-de güýçlendi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ýumurtga ençeme günläp satylmaýar, emma adamlar onuň birden satylyp başlanmagyny tama edip, dükanlaryň daşynda garaşyp durýarlar.

Aşgabadyň dükanlarynda ýumurtga indi seýrek bolýar. Paýtagtyň dükanlary her 2-3 günden bir gezek ýumurtga satýarlar. Ýumurtga söwdasy 10-15 minutyň içinde amala aşyrylýar, azyk tiz gutaryp galýar. Şu sebäpden alyjylar her gün şäher dükanlaryna baryp görýärler we satuwda ýumurtganyň ýoklugyna garamazdan nobata durýarlar.

28-nji ýanwarda 42-nji dükanda ýumurtga peýda boldy. Satuw 5 minut dowam etdi, 14:50-de başlanyp, 14:55-de ýumurtga gutaransoň tamamlandy. Adam başyna 11 sany ýumurtgany 5 manada satdylar. Şol gün, öýlän 32-nji dükanda ýumurtgany satyp başladylar. Satuw 17: 25-de başlandy. Söwda leýtenant derejesindäki polisiýa işgäriniň gözegçiliginde alnyp baryldy.

28-nji ýanwarda 42-nji dükanda satylan ýumurtga
28-nji ýanwarda 42-nji dükanda satylan ýumurtga

Azatlygyň habarçylary adamlaryň dükanlaryň öňünde daňdandan garaşyp durandygyny habar berdiler.

“Polisiýa işgärleri nobaty iki hatara böldüler, aýallary we erkekleri aýra topara duruzdylar. Gezek gezegine bäş erkek adamy we soň bäş aýal maşgalany dükana saldylar"-diýip, alyjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, bir gün öň, 42-nji dükanda ýumurtga agşam 22:00-de başlanyp, tiz gutarypdyr. Satyjynyň ýumurtganyň şol gün dükanda satylmajagyny aýtmagyna garamazdan, nobata durmagyny dowam eden adamlar gyt harydy satyn alyp bilipdir. Emma şol gün başga dükanda garaşylan hem bolsa, ýumurtga getirilmändir.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtda ýumurtga ýetmezçiligi bilen bagly dörän häzirki ýagdaý täze ýylyň başyndan bäri dowam edýär. Ondan öň, adatça, ýumurtga daň bilen satylýardy, her adam başyna 11 sany ýumurtga goýberilýärdi.

Hususy dükanlarda ýumurtganyň bahasy döwlet dükanlaryndan dört esse ýokary.

Soňky hepdelerde çörek ýetmezçiligi hem güýçlendi. Ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynyň käbir etrap dükanlarynda her maşgala diňe iki çörekden satyldy. Lebapdaky habarçymyzyň 21-nji ýanwarda aýdyşy ýaly, satuwda ýumurtga, ýag we towuk budlary ýaly önümler bolsa, asla ýok.

Aşgabadyň dükanlarynyň satyjylary häzirki wagtda ýumurtga satuwynyň wagtyny mälim etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler zerur azyk satyn almak umydy bilen dükanlara ýygnanan adamlary dargatmagyny dowam etdirýärler.

Ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy, towuk budlary, un we çörek alyjylar tarapyndan iň köp talap edilýän azyk önümleridir.

Bu esasy azyk önümleri döwlet dükanlarynyň tekçelerinde duýdansyz we seýrek peýda bolýar, bu ýagdaýda bagty çüwen alyjylar gyssagly öz ýakynlaryna habar bermäge howlukýarlar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň paýtagtyndaky döwlet dükanlarynda gije-gündiziň dowamynda ullakan nobatlar saklanýar. Käbir halatlarda sanawlar düzülýär.

Türkmenistanyň ilaty üç ýyldan gowrak wagt bäri esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Azyk krizisi oba ýerlerinde hasam duýulýar. Un we ýag birnäçe aýlap oba dükanlaryna eltilmeýär, bu bolsa ýerli ilaty şäherlere we sebit merkezlerinde baryp, azyk gözlemäge mejbur edýär.

Käbir sebitlerde çörek maşgala agzalarynyň sanyny tassyklaýan resminama esasynda satylýar. Bu resminamalar ýerli dolandyryş edaralary tarapyndan berilýär. Jaýyň ýolbaşçylary, öz gezeginde, bu resminamalary bermek üçin ýaşaýjylardan gaz, suw we elektrik energiýasy üçin tölegler kwitansiýalaryny talap edýär. Ýöne gaz, suw we elektrik bilen üpjün edýän edaralardan kwitansiýa almazdan ozal, jaý dolandyryş edarasyndan ýaşaýyş hakyndaky resminamany almaly. Şeýlelik bilen, agyrlaşýan ykdysady krizis, bankomatlarda nagt ýetmezçilik we işsizlik sebäpli maddy kynçylyklara uçran köp adam hatda çörek alyp bilmeýär we çykgynsyz ýagdaýa düşýär.

Ýurduň häkimiýetleri ykdysady kynçylyklaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede berjaý edilişi barada gündelik esasda hasabat berýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” we "Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy" guramalarynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň öz ilatyna ykdysady we sosial kömek bermek üçin hiç hili strategiýasynyň ýoklugy, halkyň elýeterli azyk önümleri bilen üpjün edilmeýändigi türkmen hökümetiň ilatyň zerur durmuş derejesini we azyk hukugyny üpjün etmek baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aňladýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG