Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 21-nji dekabrdaky gepleşik owgan tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyrylypdyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki tarapyň hem energetika, ulag we beýleki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de howpsuzlyga we durnuklylyga howp salýan wehimler bilen göreşmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklary beýan edildi diýip, resmi maglumatda aýdylýar.
Abdul Raşid Dostum Owganystanyň täsirli harby we syýasy wekilleriniň biri hasaplanýar.
2014-2020-nji ýyllar aralygynda ol Owganystanyň birinji wise-prezidenti wezipesini eýeläpdi.
2020-nji ýylda oňa marşal harby çini berildi.