Türkmenistanda ýaşaýjylaryň kesellemegi, koronawirus testleriniň geçirilmegi we koronawirusdan bejergi almagy dowam edýär. Kimsi hassahana ýerleşdirilýär, beýlekileri öýde bejergi alýar, şol sanda COVID-19 garşy täsiri subut edilmedik dermanlary ulanýar. Näsaglar COVID-19 diagnozyny henizem resmi taýdan tassykladyp bilmeýär.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda koronawirus bilen täze kesellänler barada habar bermegini dowam etdirýärler. Käbir hassalar öz hasabyna meýletin edilen koronawirus barlagy arkaly koronawirusyň bardygyny bilip galýarlar, ýöne hassahana baranlarynda olaryň synagy negatiw bolup çykýar we olarda koronawirusyň ýokdugy aýdylýar.
Aşgabatdaky habarçylarymyza mälim bolan wakalaryň birinde paýtagtyň 53 ýaşly ýaşaýjysy dümew sanjymyndan soň özüni erbet duýup, demirýol keselhanasyna ýerleşdirilipdir. Onuň ýokary gyzgyny birnäçe günläp peselmändir. Keselhana gitmezden ozal özbaşdak koronawirus synagyndan geçen zenanyň testi oňyn netije görkezen hem bolsa, hassahanada edilen ikinji testiň negatiwdigi aýdylypdyr we pnewmoniýa diagnozy goýlupdyr. Näsagyň öýkeniniň 30%-ne zeper ýetipdir.
Türkmen häkimiýetleri ýurt giňişliginde koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän hem bolsalar, ilatyny, ilkini nobatda-da býujet işgärlerini yzygiderli test tabşyrmaga borçly edýärler. Talyplar we esgerler hem synagdan geçirilýär.
30-njy noýabrda habarçylarymyz paýtagtyň mekdepleriniň mugallymlarynyň hemmesine koronawirus testinden geçmegiň tabşyrylandygyny habar berdiler. 100 manat möçberli çykdajylar mugallymlar tarapyndan tölenýär.
Şol bir wagtyň özünde, COVID-19 synag nokatlaryna özbaşdak ýüz tutýanlaryň sany köpelýär. Azatlygyň habarçylary bilen anonim gürleşen döwlet işgärleri, koronawirusyň býujet işgärleriniň arasynda barha köpelýändigini habar berdiler. Soňky hepdelerde zawodlarda we fabriklerde, şeýle hem polisiýa işgärleriniň arasynda bu kesel tapylýar. Iň köp keselleýänler saglyk edaralarynyň işgärleri bolup galýarlar.
Lebap welaýatyndaky habarçymyz ýerli resmilere salgylanyp, regiondaky ýagdaýyň gözegçilik astyndan çykýandygyny we adamlaryň howsala düşýändigini habar berdi.
Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynyň bir blogynyň tutuşlygyna karantine ýapylmagyndan soň, hassahana COVID-19 alamatlary bolan näsaglary kabul etmegini bes etdi. Keselhana ýüz tutýan hassalara köplenç bejergi üçin derman ýazyp berilýär we öýlerinde sagalmak maslahat edilýär.
Ýurduň çäginde koronawirusyň bolup biljegini inkär edýän türkmen häkimiýetleri hassahanalarda näsaglaryň köpdügi, keselhanalaryň ýapylmagy, testleriň netijesi we ölüm ýagdaýlary barada resmi düşündiriş bermeýärler.
Bu aralykda, köpçülik öz-özüni bejermäge çalyşýar. Ýurtda koronawirusa garşy dermanlaryň gara bazary peýda boldy.
Azatlygyň habarçylary hödürlenýän dermanlaryň görnüşlerini öwrendiler.
Köp isleg bildirilýän dermanlaryň biri Actemra/Tocilizumab. Romatoid artriti bejermekde ulanylýan bu dermanyň bahasy 7000 manada durýar.
Adamyň interleýkin reseptoryna uýgunlaşdyrylan monolokal jisim tocilizumab, Ýewropada belli bir derejede üstünlikli ulanylypdy, ýöne onuň netijeliliginiň takyk subutnamasy tapylmady.
Medisina boýunça habarlary çap edýän Medscape onlaýn neşrine görä, barlaglaryň netijesinde hassahana düşen badyna 2 günüň dowamda bu derman berlen hassalaryň arasynda derman almadyk hassalar bilen deňeşdirilende ölüm derejesiniň pesdigi görkezilipdir.
Britaniýanyň nejm.org onlaýn medisina žurnaly bolsa, bu dermanyň koronawirusy bejermek üçin ulanmakda täsiriniň aýdyň däldigini belledi.
Şeýle-de Türkmenistanda möwsümleýin we hroniki keselleriň ýaýramagy dowam edýär. Birnäçe çagalar baglarynda we mekdeplerde angina ýüze çykdy.
Azatlygyň habarçylary häzirki wagtda köpçülikleýin keselçilik, maliýe kynçylyklar we ilatyň maddy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli Türkmenistanda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň köpleriň ýadyna düşmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda koronawirusa garşy çäreler, Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda baryp göreninden soň, iýul aýynda durmuşa geçirilip başlandy. Şonda daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat berdi. Soňra BSG-niň wekilleri Türkmenistana koronawirus synaglaryny BSG-niň barlaghanalarynda barlamak üçin ibermegi maslahat berdiler.
Türkmenistanyň COVID-19 nusgalaryny BSG-niň laboratoriýalaryna ibermeýändigi şu hepdede mälim boldy. Bu barada 15-nji dekabrda Eurasianet.org neşri BSG salgylanyp habar berdi.
Azatlygyň çeşmelerine görä, BSG indi Türkmenistan babatyndaky işini güýçlendiripdir. Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistana ikinji missiýasyny ibermek niýetini awgust aýynda yglan edipdi, emma sapar entek başa barmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.