Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda COVID-19 alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilen adamlaryň 15 sanysy 'aradan çykdy'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

11-12-nji dekabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde COVID-19 alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilen adamlaryň 15 sanysy aradan çykdy. Munuň bilen bir wagtda, welaýatda koronawirus alamatlary bilen keselhanalara ýerleşdirilýän adamlaryň sany günsaýyn köpelýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän mahaly, bu näsaglara pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji dekabrda Türkmenabatdan habar berdi.

"Türkmenabadyň şäher we ýokanç keseller hassahanalarynda COVID-19 alamatlary bilen keselleýän we ondan ýogalýan adamlaryň sany gün-günden artýar. 12-nji dekabrda agzalýan hassahanalarda 8 adam ýogaldy" diýip, Tiz kömek lukmany habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk gürrüňi edilýän şahsyýetleriň howpsuzlygyny we gizlinligini üpjün etmek maksady bilen, anyk adam we ýer atlaryny agzamakdan saklanýar.

Tiz kömek lukmanynyň sözlerine görä, şol güni ýogalanlaryň arasynda göwreli ýaş zenan hem bolup, ol çagasy operasiýa esasynda dogulandan soňra aradan çykdy. COVID-19 alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilen bu zenana-da pnewmoniýa diagnozy goýuldy.

"Ýaş enäniň çagasy diri. Ýöne wirusyň oňa-da geçendigi ýa geçmändigi belli däl. Täze doglan çaga gözegçilikde saklanýar" diýip, lukman habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip, 11-nji dekabrda Türkmenabat şäheri boýunça ýogalan adamlaryň sanynyň 7-ä deň bolandygyny, şol güni ýene 10 adamyň koronawirus alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilendigini hem belledi.

"Olara hem pnewmoniýa diagnozy goýuldy" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Habarçymyz koronawirus keseliniň ýaşlarda hem öz netijesini görkezip başlandygyny we keselhana ýerleşdirilýän adamlaryň ortaça 25 göterimini ýaşlaryň emele getirýändigini aýdýar.

"Her gün keselhana ýerleşdirilýän 15-20 adamdan 5 sanysyny 2000-2003-nji ýyllarda doglan ýaşlar emele getirýär" diýip, saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol 2002-nji ýylda doglan we ýakynda çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilen ýaşlaryň biriniň hem COVID-19 testiniň pozitiw netije berendigini aýtdy. Gazojakly bu ýaş oglan harby bölümden dessine Türkmenabadyň şäher hassahanasyna eltildi.

Ýatlatsak, geçen hepde Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanyň harby bölümleriniň esgerleri COVID-19 testinden geçirýändigini habar berdiler. Çeşmelerimiz esgerleriň ene-atalarynyň hasabyna synag edilýändigini we olaryň çagalarynyň testleri üçin 300 manat ibermeli bolýandygyny gürrüň beripdiler.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň keselhanalarynda we dermanhanalarynda, habarçymyzyň aýtmagyna görä, derman üpjünçiliginiň derejesi hem pes bolup, raýatlar köp dermany tapmakda kynçylyk çekýärler.

"Hassahanalarda köp derman ýok, hatda satyn alyp bejergi almaly bolsa, pula-da tapdyrmaýar. Barly maşgalalar, uly wezipede işleýän adamlar Aşgabatdan güýçli dermanlary getirdýärler" diýip, türkmenabatly lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň şäher we ýokanç keseller hassahanalaryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden hem kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar we ondan heläk bolýanlar barada maglumatlaryň köpelýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda wirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler.

Muňa garamazdan, soňky iki aýyň dowamynda ýurtda pandemiýa bilen bagly ozal girizilen çäklendirmeleriň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldylyp, maska režimine gözegçilikler güýçlendirildi. Döwlet resmileri bu çäklendirmelerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG