Aşgabadyň köçelerinde geçip barýan adamlaryň gözüniň öňünde itleriň we pişikleriň rehimsiz ýok edilmegi dowam etdirilýär. Azatlygyň habarçylary we haýwanlary goraýjylar şäherde birbada birnäçe hadysanyň şaýady boldular. Bu ýagdaý häkimiýetleriň ite altyn ýadygärlik dikýän döwründe bolup geçýär.
24-nji noýabrda Aşgabatdaky Parahat 2/4 etrapçasynda itler zäherlendi. Olaryň biri uzak wagtlap ýerli ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde titräp, ejir çekip jan berdi.
Haýwanlary goraýjy aşgabatly aktiwist Azatlyk bilen söhbetdeşlikde "Ýaňyja it zäherlenip, ejir çekip öldi. Ol ýerli ýaşaýjylaryň 6 ýyl bäri iýmitlendirýän üç köçe itiniň biridi" - diýip gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna soňra bu ýagdaýyň wideo ýazgysyny almak başartdy. Wideo ýazgylarda itiň agzyndan köpük gelip, jan berýän agyr pursadyny görüp bolýar.
Azatlygyň habarçylarynyň anyklamagyna görä, gezip ýören sagdyn it birden çyňsap başlapdyr. Geçip barýan adamlar iti halas etmek üçin şowsuz synanyşdylar. Rehimli aýallar ony howpsuz ýere äkitdiler we üstüni polotense bilen ýapdylar. It uzak wagtlap jan beripdir. Soňra jemagat gulluklarynyň işgärleri iti alyp gidipdir.
Itler paýtagtyň 48-nji mekdebiniň meýdançasynda ýaşaýardy.
"Öňki gün itleriň üçüsi bardy. Köp adam olary iýmitlendirýärdi. Şu ýyllaryň dowamynda men olary örän alada edipdim. Bu gün ikinji güni men olary görmedim. Zäherlenen it adamlary görse guýrugyny bulaýardy, ýöne özüni ellemäge ýol bermeýärdi" - diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Häzirki wagtda tutuş ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin öldürilmegi dowam edýär. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde öýsüz itler şäheriň köçelerinde aýlanýan döwlet edarasynyň belgisi bolan ulagly adamlar tarapyndan atylyp öldürilýär. Lebap welaýatynda, Türkmenabat şäherinde, "Arassaçylyk" ýazgyly eşikli jemagat gulluklarynyň işgärleri köçelerde itleri demir taýak bilen öldürýärler.
Aşgabatda haýwanlary ýok etmek işi jemagat gulluklarynyň we öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar, zäherlenen iýmitleri her ýerde "çeňňek" edip goýmak idegsiz itlere we pişiklere garşy göreşmegiň usullaryndan biridir.
"Ýaňy-ýakynda Parahat 2/4-de 11 ýaşly bir oglan öýüne gelende onuň eşikleri hapady, ol möňňürip, aglaýardy. Ol 48-nji mekdebiň golaýyndaky hapa taşlanýan gutularyň golaýynda köçe süpürýän aýalyň onuň gözüniň öňünde oturan kiçijik pişigini öldürende gusupdyr. Köçe süpüriji otuň içinde oturan pişigi süpürgiçiniň taýagy bilen güýçli urupdyr, pişigiň agzyndan gan gelip, ol yza birnäçe ädim ädip jan beripdir"- diýip haýwanlary goraýjy aktiwist gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar şäheriň dürli ýerlerinde yzygiderli peýda bolýan ölen haýwanlaryň jesetlerini ýygnap, jaýlamakdan ýadandyklaryny aýdýarlar.
Mundan başga-da, öý haýwanlarynyň eýeleri häkimiýetleriň hereketleri sebäpli öz itleriniň we pişikleriniň aman galmagyndan uly alada edýärler. Şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi zäherlenmeleriň köpelmegi sebäpli öz öý haýwanlary bilen köçä çykmakdan gorkýarlar.
Häzirki wagtda sosial ulgamlar ýiten öý haýwanlary baradaky bildirişlerden doly.
Şu ýylyň iýul aýynda şäher häkimligi ýaşaýjylardan öý haýwanlaryndan özbaşdak dynmagy talap edipdi.
Itleriň we pişikleriň rehimsizlik bilen ýok edilmeginiň fonunda Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabatda itiň äpet altyn ýadygärligini açdy. Resmi metbugata görä, şäheriň günbatar böleginde oturdylan 15 metrlik heýkel sosial we medeni ähmiýete eýe bolan desga hasaplanýar.
"Türkmen alabaýy" heýkeli ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň islegi boýunça oturdyldy. Türkmen prezidenti özüni alabaý itleriniň gadyryny bilýän bilermen hökmünde görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär