Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar bagyna gatnamak körpeleriň birinji klasa ýazylmagy üçin hökmany talap hökmünde girizilmegi ‘mümkin’, emma...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebabyň bilim resmileri öňümizdäki okuw ýylynda başlangyç mekdeplere kabul ediljek çagalaryň 1-nji ýanwar – 1-nji sentýabr aralygynda çagalar baglaryna gatnamagyny talap edýär. Göz öňünde tutulýan üýtgeşmele görä, çagalar bagyna gatnamak okuwçylar üçin başlangyç mekdebe kabul edilmegiň şerti bolar.

Ýöne ene-atalar welaýatda çagalar baglarynyň ýetmezçiliginden hem-de olaryň “gözgyny ýagdaýyndan” şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze talabyň töweregindäki meseleler we welaýatyň çagalar baglaryndaky şertler barada 19-njy noýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, täze talap barada Farap, Çärjew we Dänew etraplarynyň etrap bilim müdirlikleri başlangyç synp ýolbaşçylaryny habarly etdi. Mekdep mugallymlarynyň sözlerine görä, körpeleriň başlangyç mekdebe kabul edilmegi üçin olara mekdebe çenli çagalar bagyna gatnamak şertini goýmak göz öňünde tutulýar.

Habarçynyň ençeme mugallymlara we ene-atalara salgylanyp, habar bermegine görä welaýatda çagalar baglary ýetmezçilik edýär.

Dänewli ene-atalaryň gürrüň bermegine görä, etrabyň çagalarynyň ujypsyz böleginiň çagalar baglarynda bilim almaga mümkinçiligi bar. Etrapda ýeterlik çagalar bagy ýok. Habarçy faraply ýaşaýjylar üçin hem bu ýagdaýyň gaty üýtgeşik däldigini, ol ýerde-de çagalaryň ep-esli böleginiň mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynda bilim almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.

Etraplarda girizilmegi göz öňünde tutulýan täze üýtgeşme, ene-atalaryň sözlerine görä, olar üçin “goşmaça kynçylyklary” aňladar. Olaryň käbirleri çagalar baglaryna gatnamajak çagalaryny mekdepleriň birinji synpyna kabul etdirmek üçin häzirden çykalga gözleýär.

Etraplarda çagalar baglary ýetmezçilik edýär. Ýöne mekdepler birinji klasa barjak okuwçylara mekdebe çenli ‘çagalar bagynda terbiýe almak’ şertini goýmagy göz öňünde tutýan mahaly, ene-atalar bu meselä çykalga gözleýär.

Bir lebaply ýaşaýjynyň sözlerine görä, käbir ene-atalar öýde galan çagalaryna “çagalar bagyna gatnady” hatyny almak üçin terbiýeçilik edaralaryna aýda 80 manat geçirmegi we kepilnama almagy planlaşdyrýar.

Habarçy bu ýagdaý barada Dänew etrabynyň mekdebe çenli terbiýeçilik edaralaryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, Farap we Dänew etrabynyň käbir çagalar baglarynyň azyk meseleleri ene-atalaryň boýnuna ýüklendi.

Habarçynyň toplan maglumatlaryna görä, Farap etrabynyň 1-nji, 2-nji, 4-nji we 5-nji çagalar baglarynda hem-de Dänewiň 2-nji, 3-nji we 4-nji çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň azyk meselesi ene-atalaryň hasabyna amala aşyrylýar; häzirki wagtda çagalar baglaryna döwlet tarapyndan berilýän naharlar berilmeýär, ýa-da az berilýär.

“Ene-atalar 80 manat tölegden başga günortanlyk her gün öýlerinde nahar bişirip çagalaryna berip gaýdýarlar, ýa ýanlary bilen berip goýberýärler” diýip, bir ene-ata habarça gürrüň berdi.

“Döwlet çagalar baglaryna az hem bolsa et, tüwi, nohut, towuk budy we ýumurtga berýär” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýtdy.

Ýöne dänewli we faraply ene-atalaryň ençemesi çagalar baglaryna berilýän azyk önümleriniň ogurlanýandygyna ynanýar we bu meselede çagalar baglarynyň müdirlerini, olaryň hojalyk işleri boýunça orunbasarlaryny we aşpezleri aýyplaýarlar. Habarçy bu mesele boýunça Dänew we Farap etrabynyň çagalar baglarynyň administrasiýalaryndan gizlinlik şertlerinde kommentariýa alyp bilmedi.

Ol Lebabyň tas ähli etraplarynda, şol sanda welaýat merkezine ýakyn ertraplarda çagalar baglarynda şertleriň gözgynydygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG