Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Sähra” geňeşliginiň ýaşaýjylary durmuş şertleri bilen bagly üç esasy problema bilen ýüzbe-ýüz galýarlar. Olar elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen kadasyz üpjünçilik, döwlet dükanlarynda gündelik azyk önümleriniň ýetmezçiligi we hojalyk mallarynyň arasynda ýüze çykan näbelli keselçilik.
Ýerli ýaşaýjylar duçar bolýan kynçylyklarynyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdiler.
Oba ýaşaýjylary elektrik togunyň wagtal-wagtal öçýändigini, hojalyklara berilmeli elektrik energiýasynyň 220 woltluk kadadan juda pesdigini gürrüň berdiler.
“Gaz hem edil şolar ýaly. Bir gün ýansa iki gün ýok” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Türkmen resmileri ýurduň oba we şäher ýerleriniň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen kadaly üpjün edilýändigini aýdýarlar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan käbir çet obalaryň ýaşaýjylary şeýle üpjünçiligiň ýagdaýynyň gowşakdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň elektrik energiýasy, tok we suw bilen mugt üpjünçiligi doly ýatyryldy.
Şol bir wagtyň özünde, geňeşligiň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda çigit ýagy, towuk budy, ýumurtga we çörek ýaly gündelik sarp edilýän önümleriň üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýdýarlar.
200 hojalykly ilaty bolan “Sähra” geňeşligi Mary şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän Garagum etrabyndan 50 kilometr töweregi aradaşlykda, Garagum çölünde ýerleşýär.
“Beýleki daýhan birleşikleriň döwlet dükanlarynda çigit ýagy, towuk budy, ýumurtga we çörek ýaly önümleriň döwlet bahasyndan satylýandygy barada eşidýäris” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy. Ol öz obalarynyň döwlet dükanynda pagta ýagynyň iki-üç aýda bir sapar satylýandygy barada özlerinde maglumatyň bardygyny aýdyp, paýlanýan ýagyň 200 töweregi hojalygyň ählisine ýetmeýändigini sözüne goşdy.
“Ýag bäş-alty hojalyga ýetýän bolaýmasa” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.
“Töweregimde bizden başga oba ýok, çölüň içinde bir özümiz ýaşaýarys. Unuň hem haçan geleni belli däl. Biz daýhançylyk we maldarçylyk bilen gün görýäris. Her ýyl galla oragyndan özümiz üçin gyşa niýetläp bugdaý üwedýäris. Unumyzy, bişirjek çöregimizi özümiz ekip alýarys” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Elektrik energiýasy, tebigy gaz hem-de ýeňillikli gündelik iýmit önümleri bilen bagly kynçylyklardan başga ýene bir mesele ýerli ýaşaýjylary alada goýýar. Ol hem mallaryň arasynda ýüze çykýan näbelli kesel.
“Şu ýyl oba agramçylyk gelen ýaly boldy. Mallarymyz keselleýär” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýtdy.
Ol ýerli weterinarlaryň näsag mallary halas etmek üçin edýän tagallalarynyň netije bermeýändigini belledi.
Oba ýaşaýjylary mallaryň arasynda dörän keselden ynjalyksyz bolup, bu keselçilik barada beýleki obalaryň ýaşaýjylaryna geňeşendiklerini aýdýarlar.
Habarçy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan bir maldaryň sözlerine görä, etrabyň Aşgabat daýhan birleşiginiň maldar hojalyklarynyň arasynda-da şol bir ýagdaý ýüze çykýar.
“Olar hem mallara näbelli kesel degdi diýip aýtdy” diýip, çöl ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Aşgabat daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary hem mallaryň arasyndaky keselçilik bilen bir hatarda döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň ýetmezçiligini hem başdan geçirýärler.
“Bize hökümetden hiç zat gelenok” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy. Şeýle-de olar bu problemalar boýunça häkimiýetlere arz-şikaýatlaryny beýan etmek isleýändiklerini ýöne ony nädip we kime aýtmalydygyny özleriniň bilmeýändigini aýtdylar.
Radionyň habarçysynyň bu meseleler boýunça ýerli resmilerden kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.