Dünýä Türkmenleriniň “Ýakyn taryhyň çatrygynda: Orta Aziýada milli-döwlet bölünişigi barada umumy söhbet” atlandyrylan geçen sany 20-nji asyryň başlarynda türkmen ülkesinde we sebitde bolan syýasy özgerişlerden, hususan-da Orta Aziýada ilki 19-njy asyryň soňky çärýeginde Russiýa patyşalygynyň tabynlygynda bolan, Oktýabr rewolýusiýasyndan soň sowet häkimiýetleriniň garamagyna geçen Türküstandan we onuň dargadylmagyndan söz açdy.
Bu sanymyzda şol söhbetiň dowamyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Ýatlasak, 1917-nji ýylyň noýabryndan 1918-nji ýylyň fewralyna çenli öňki Türküstan general-gubernatorlygynyň binýadynda esaslandyrylan we ömri gysga bolan Türküstan awtonomiýasy barada söhbet etdik.
Bu gepleşigimizde söhbete şol ýerden dowam edýäris, oňa Pragadan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.