Türkmenistanda ilatyň arasynda keselçiligiň ýaýran wagtynda, näsaglar, şol sanda COVID-19 alamatlary bolan hassalar, köplenç öýde bejergi almaga çalyşýarlar. Azatlygyň habarçylary esasy sebäpleriň arasynda lukmanlara ynamsyzlyk we pul ýetmezçiligi problemalarynyň öňde durýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtda öýde bejergi almak gymmat bolsa-da, köpler muny makul tapýarlar.
"Aşgabatda hassalar 90-njy çatrykdaky hassahana we ýokanç keseller hassahanasyna äkidilýär. Ýöne mümkinçiligi bolan köp adam öýde bejergi alýar. Indi öýde bejergi almak isleýän hassalar, ertirki we agşamky sanjymlary üçin günde 300 manat töleýärler. Ortaça pensiýalaryň 500 manat wagtynda nyrhlar şeýle. Dermanlaryň bahasy bolsa 10-12 müň manada ýetýär" diýip, habarçymyz 11-nji noýabrda Aşgabatdan habar berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, näsaglaryň hassahanalarda bejergiden gaça durmagyna sebäpleriň biri saglyk işgärlerine ynamsyzlyk bilen bagly: "Damar içine sanjym berýän tejribeli şepagat uýalarynyň we lukmanlaryň ýiti ýetmezçiligi bar. Keselhanalardaky tejribeli lukmanlar ýaş hünärmenleriň taýýarlygynyň pesliginden zeýrenýärler".
Türkmenistandaky habarçylarymyz we garaşsyz metbugat çeşmeleri ýurtdaky hassahanalarda ölüm derejesiniň ýokarydygyny birnäçe gezek habar beripdiler, şol sanda häkimiýetler tarapyndan bardygy resmi taýdan ykrar edilmeýän koronawirus alamatlary bolan keselden.
"Köplenç ölüm nädogry proseduralar bilen baglanyşykly bolýar. Wagty tygşytlamak üçin damar sanjymlary edilende dürli dermanlar garyşdyrylýar ýa-da gaty çalt sanjylýar" - diýip, habarçymyz paýtagtyň saglyk edaralarynyň işgärlerine salgylanyp 11-nji noýabrda gürrüň berdi.
Lebapda öýde bejergi almak hassahanada bolmakdan has arzan düşýär. Regiondaky habarçymyz ýerli ýaşaýjylaryň lukmanlara köplenç bejergini belletmek we dermanlary ýazdyrmak üçin ýüz tutmak bilen çäklenýärler we şeýlelik bilen hassahanalardaky bejerginiň çykdajysyny tygşytlamaga synanyşýarlar diýip habar berýär.
"Adamlar lukmanlaryň ýanyna barýarlar, derman serişdelerini belledýärler, satyn alýarlar we soňra tanyşlaryna ýa-da goňşularyna, şol sanda lukmançylyk dokumenti bolmadyk, ýöne sanjymlary edip bilýänlere ýüz tutýarlar. Elbetde, bu gaty howply, ýöne köpüsi hassahanalardaky bejergi üçin pul tölemezlik üçin tygşytlaýar"diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz 10-njy noýabrda aýtdy.
Azatlygyň ýerli habarçylary Lebap welaýatdaky saglyk edaralarynda, esasanam etrap hassahanalarynda agyr şertler barada habar berýärler.
Hususan-da, Darganata etrabynyň etrap hassahanasynda ýyladyş, düşek, ýorgan, iýmit we derman ýok. Näsaglar hassahana girenlerinde bularyň hemmesini ýany bilen alyp barmaly bolarlar.
Öý bejergisi ýurduň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynda hem giňden ulanylýar.
Azatlygyň habarçysy bu aralykda Daşoguzda ölüm derejesiniň ýokarydygy barada habar berýär: “30 we 50 ýaş aralygyndaky orta ýaşly adamlaryň arasynda köp ölüm bolýar. Köplenç öýde kesel bolýarlar, ýöne uzaga cekmän, gaty erbetleşýärler, dem gysma döreýär, dem alyp bilmeýärler, soň öýde ýa-da intensiw terapiýada ölýärler. Goýulýan diagnozlar: ýürek agyry, insult, trombyň bölünmegi, ýürekdäki kemçilikler" diýip, habarçymyz 11-nji noýabrda aýtdy.
Daşoguzda koronawirusa mahsus keselden ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegi aýallar koloniýasyna hem degişli. Oktýabryň ortalarynda tussaghanada koronawirus epidemiýasy başlanypdy.
Azatlygyň çeşmeleri aýallar koloniýasyndaky ýagdaýyň ýaramazlaşandygyny, keseliň ýaýramagynyň dowam edýändigini aýadýarlar.
"Näsaglar aýratyn binada saklanýar, köpüsi ol ýerden äkidilýär we soň ykbaly näbelli bolýar. Näsaglaryň we ölenleriň sany berk gizlinlikde saklanýar. Birnäçe komissiýa geldi. 8-nji noýabr, ýekşenbe güni iň soňkusyndan soň öňem berk saklanýan maska režimi ýene güýçlendi" - diýip gizlinlik şertlerinde gürleşen çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda ilatyň arasyndaky keselçilik we Daşogzuň aýallar tussaghanasyndaky ýagdaý barada Türkmenistanyň resmilerinden maglumat almak boýunça synanyşlary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň içinde syýahat etmekdäki kynçylyklary dowam edýär we ilatyň saglygyny bejertmek mümkinçiligine erbet täsir ýetirýär.
"Daşoguzda bejergi ýa-da operasiýa üçin Aşgabat şäherine gidýän raýatlara komissiýa tarapyndan adatça syýahat ýok diýilýär, ýerli lukmanlara ýüz tutmagy maslahat berýärler. Aşgabatdan lukmanlaryň operasiýa üçin gelýän halatlary bolýar. Syýahat üçin rugsat almaga täsirli tanyşlaryň bolmagy ýa-da esli pul ýardam berip bilýär" diýip, habarçymyz 11-nji noýabrda aýtdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus ýokançlygynyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärkä, noýabryň başynda, ýurduň içinde syýahaty hasam kynlaşdyrýan täze talaplary girizdi. Indi, ýurduň içinde syýahat etmek üçin raýatdan esasly bir sebäp talap edilýär. Işe çagyryş, iş sapary, hassahana ugradylmagy ýa-da garyndaşlarynyň ölümi baradaky telegramma ýaly ýagdaýlar esasly sebäp hökmünde seredilip bilinýär.
Ýurtda maskalaryň dakynylmagyna gözegçilik güýçlendirildi. Polisiýa işgärleri köçelerde, ulaglarda, edaralarda, mekdeplerde, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda maska dakynmadyk jýaşaýjylary gözleýärler we jerime salýarlar.
Bu döwürde ýurduň käbir sebitlerinde maskalar arzanlady. Hususan-da, Türkmenabatda hususy söwdagärlerde lukmançylyk maskalarynyň bahasy iki esse arzanlady we 2-3 manat töweregine düşdi. Emma dermanhanalarda maska tapdyrmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.