Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda keselçilik, ölüm artýar, keselhana barýanlar rentgen edilýär, bokurdakdan test nusgasy alynýar


COVID-19 testi (illýustrasiýa suraty)
COVID-19 testi (illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda COVID-19 alamatlary bilen kesellänleriň sany we ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň çalt ýaramazlaşýandygyny habar berdiler. Resmi maglumatlara laýyklykda "koronawirusdan azat" Türkmenistan keseliň ýaýramagynyň öňüni alýar, emma ýurduň häkimiýetleri bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäbini düşündirmeýär.

Ýurtda adamlaryň köpçülikleýin näsaglamagyna we ölmegine sebäp bolýan keseliň pidalary barada Azatlyk Radiosyna 28-nji iýulda şeýle maglumatlar mälim boldy:

- Geçen hepde ölen hirurgyň kiçi ogly aradan çykdy.

- Kardiolog lukman gaty agyr halda emeli dem alyş enjamyna bagly ýagdaýda ýatyr.

- Köşiden uzakda bolmadyk, Ekobazanyň (bu maldarçylyk institutynyň tejribe bazasynyň ýerleşýän ýeriniň ady) golaýyndaky keselhanada bir maşgalada ene we onuň ýaş ogly ýogaldy, bir gyzy we gelni agyr ýagdaýda keselhanada.

- Çüýşe gaplary öndürýän "Keýik" atly hususy zawodynyň baş müdiri aradan çykdy. Ol 70 ýaş töweregindedi. Onuň süýji keseli bardy, birnäçe gün ozal koronawirusyň alamatlary ýüze çykypdy.

- Näsaglaryň Semaşko keselhanasyndan ikitaraplaýyn pnewmoniýa bilen öýlerine goýberilip, näsaglaryň birnäçe günüň içinde ölýän ýagdaýlary boldy. 1984-nji ýylda doglan bir ýigit.

- Ýedinji gün adwentist dini toparyň ruhanysy komada ýatyr. Aşgabatda.

Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň we çeşmeleriniň gizlinligini saklamak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda koronawirus bilen näsaglan we ýogalan adamlaryň atlaryny hem jikme-jik ýagdaýlary agzamakdan saklanýar.

Habarçylarymyza mclim bolşy ýaly, COVID-19 bilen kesellänleriň arasynda beýleki dini toparlaryň, şol sanda protestant Greta Grace Amerikan buthanasynyň wekilleri bar.

Aşgabatda öň “Polimeks” türk kompaniýasyna degişli bolan binada karantin zolagy ýerleşýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, COVID-19 üçin synagynda keseliň bardygy görkezilen hassalar bu ýere iberilýär.

"Nyýazow hassahanasy 1-nji awgustdan bütinleý ýokanç keseller üçin bolar. Kabul edilende hassalar EKG, rentgen, bokurdakdaky suwuk almak ýaly synagyndan geçýär. Keseli tassyklanan hassalar "Polimeksiň" binasyna iberilýär, tassyklanmadyklar galýar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 28-nji iýulda aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň pikiriçe, bu karantin zonasynda ýörite şertler ýok, ýöne ol ýere gelenler bu şertleri ýurduň beýleki karantin zolaklary bilen deňeşdirilende has amatly hasaplaýarlar.

"Ol ýerde müňe golaý ýer bar. Işçiler şol ýerde nähili ýagdaýda işlän bolsalar, şol şertler saklanyp galypdyr. Hiç zat ýörite enjamlaşdyrylmady. Kondisioner bar. Dermanlary garyndaşlary getirmeli. Derman getirýän garyndaşlar ýok bolsa, hassany bejerip bilmeýärler. Yzyndan iýmit getirjek adam bolmasa hassany şol ýerde iýmitlendirýärler. Emma gap-gaçlar bilen baglanyşykly kynçylyklar bar. Iýmit üçin hassanyň özi gitmeli, iýmit ýatýan ýerlere eltilmeýär. Aslynda bu bejergi däl-de, izolýasiýa "- diýip, habarçymyz şol ýerdäki hassalara salgylanyp, habar berdi.

Şu günler derman serişdeleriniň ýetmezçiligi diýseň çynlakaý mesele bolup galýar. Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, hassahanalarda näsaglara asla derman berilmeýändigi seýrek däl.

Emma welaýatlarda ýagdaý has agyr.

Lebapdaky habarçymyz Azatlygyň derman gytçylygy barada beren habaryndan soň Aşgabatdan derman iberilendigini, ýöne ýene wirusa garşy dermanlar däl-de, diňe antibiotikleriň ugradylandygyny 28-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň bellemegine görä, koronawirusly näsaglara köplenç antibiotikli sanjym edilýär.

Lebap welaýatynda bu kesel ilatyň arasynda, şol sanda lukmanlaryň we polisiýa işgärleriniň arasynda köpelýär.

"Koronawirus alamatlary bolan polisiýa işgärleri köp. Soňky iki günde 14 polisiýa işgäri köpugurly keselhana kabul edildi, olaryň hemmesiiň koronawirus testleri oňyn netije berdi. Näsaglar köp. Her sagatda takmynan 10 adam köpugurly keselhana getirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli keselhanalardaky çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, welaýatdaky habarçylarymyz Farap etrabynyň prokurorynyň orunbasary Isaýew Çarygeldiniň keselhanadan çykarylandygyny habar berdiler. Geçen hepdede bu resminiň koronawirus testiniň oňyn netije berendigi, ýöne ikinji synagynyň negatiw netijäni görkezendigi habar berlipdi.

Azatlygyň habarçylary Lebabyň ýene bir şäheri Kerkidäki we golaýdaky obalardaky ýagdaý barada habar berýär.

"Indi köp adam koronawirus alamatlary bilen Kerki keselhanalaryna ýüz tutýar. Golaýdaky obalaryň ýaşaýjylary esasy lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Hatap, Başsaka we Guwak daýhan birleşikleri sebit merkezinden 75 km uzaklykda ýerleşýär, ýaşaýjylar Kerkiden tiz kömek çagyrmaly bolýarlar. Köplenç lukmanlar gelip bilmeýär, olar çykgynsyz ýagdaýa düşýärler. Hatap obasynyň 45 ýaşly ýaşaýjy ýokary temperatura sebäpli tiz kömek çagyrdy, oňa tiz kömek gullugynda ulaglarynyň hemmesiniň döwlendigini, diňe 3 awtoulagyň sebitde işleýändigini aýdyp, onuň özüniň taksili gelmegini teklip etdiler" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, soňky bir hepdäniň içinde Hatap we Guwak obalarynda näbelli keselden 16 adam ölüpdir. Olaryň diňe ikisi 60 ýaşdan uly adamlar.

Habarçymyz ýerli tiz kömek gullugynyň awtoulag sanawynyň 2008-nji ýylda getirilen 15 sany UAZ ulagyndan we öňki döwürlerden galan 5 ulagdan ybaratdygyny anyklady. Häzirki wagtda bary-ýogy 3 awtoulag işleýär, galan ulaglar işe ýaramaýar.

"Awtoulagy abatlamak we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak işleri sürüjileriň boýnuna atyldy. Emma olaryň ençemesi bu aşa çykdajylar sebäpli işini taşlamaga mejbur boldular"-diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri öz territoriýasynda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny öňe sürýän hem bolsalar, indi ilaty Gurban baýramyny köpçülikleýin bellemezlige çagyrýarlar. Paýtagtda we welaýatlarda her gün öýlere aýlanýarlar.

"Daşoguzda mekdep ýolbaşçylary we administrasiýa wekilleri her gün ýaşaýjylaryň öýlerine barýarlar. Olar gapylary kakýarlar we ilaty Gurban baýramyny bellemezlige çagyrýarlar, belleseler-de, myhmanlary çagyrman, mümkin boldugyça öýden çykmazlyga ündeýärler" - diýip habarçymyz aýtdy.

Bu wagtda Aşgabatda lukmanlar öýme-öý aýlanýarlar we ilata öýde bolan wagtynda-da maska geýmegi wagyz edýärler.

Üç hepdäniň içinde Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýa başlanaly bäri bütin dünýäde ulanylan BSG-niň tekliplerini durmuşa geçirmek üçin görlüp-eşidilmedik çäreleri gördi.

Türkmen häkimiýetleriniň çäklendiriji çäreleri paýtagtda gurluşygyň togtadylmagyna sebäp boldy. Aşgabatda, Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan gözegçilik edilýän uly desgalaryň gurluşygy hem doňduryldy.

Şu aýyň başynda, Türkmenistanyň esasy gurluşyk hyzmatdaşy fransuz kompaniýasy "Bouygues" öz işgärlerini ýurtdan äkitdi. Soňra Azatlygyň habarçylary türkmen resmileriniň "Bouygues" bilen gurluşygy dowam etdirmek, Garaşsyzlyk gününe çenli desgalaryň gurluşygyny tamamlamak maksady bilen gepleşik geçirýändigini habar berdiler.

27-nji iýulda Azatlykyň Türkmenistandaky çeşmeleri daşary ýurt gurluşyk işgärleriniň bir toparynyň gelendigini habar berdi.

"Fransuzlar we türkler 12 gün ozal geldi. Bular "Bouygues" işgärleri. Indi olar Özbegistan bilen serhetdäki gümrük postunyň golaýyndaky Farapda karantinde saklanýar" - diýip, Azatlygyň ygtybarly çeşmesi habar berdi we 40 golaý gurluşyk işgäriniň Aşgabatda "Arkadag" myhmanhanasynyň gurluşygyny tamamlamak üçin gelendigini habar berdi.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri berk çäklendiriji çäreleriň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ýaňy-ýakynda Saglygy saklaýyş ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň web sahypalarynda, şeýle hem ýarym resmi internet neşirlerinde "atmosferadaky tozan bölejikleriniň" howpy we jemgyýetiň saglygyny goramak üçin maska geýmegiň zerurlygy barada habarlar peýda boldy. Ýerli mobil aragatnaşyk operatorlary öz abonentlerine günde şuňa meňzeş mazmunly habarlary ugradýarlar.

Şuňa meňzeş mazmunly çap görnüşli informasiýa hassahanalarda we köpçülik ýerlerinde hem ýerleşdirilýär. Munuň bilen birlikde, ýurtdaky lukmançylyk edaralarynda öýken keseliniň alamatlary ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň kadalary barada duýduryşlar hem bar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda iki aý bäri möwç alýan pnewmoniýanyň bardygyny hem agzamaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen häkimiýetleri daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Türkmenistandaky ýagdaý barada berýän habarlaryna ýiti reaksiýa bildirýärler.

27-nji iýulda ýurduň Daşary işler ministrligi "MIR" teleradio kompaniýasynda Eýrandan Türkmenistanyň çäginden ýyly howa akymlarynyň geçmegi sebäpli Täjigistanda yssy howanyň dörändigi barada berlen habara garşylyk bildirip resmi beýanat ýaýratdy.

"Şu nukdaý nazardan, şu günler Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen yssy şemal akymlarynyň Täjigistanyň çägine baryp ýetendigi baradaky sözler hiç bir tankyda çydap bilmez" -diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýazdy.

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.

XS
SM
MD
LG