Maryda köp biznesler batýar, hususy dükanlar köpçülikleýin ýapylýar
Şu günler maryly telekeçileriň ençemesi hususy dükanlardaky harytlaryny doly boşadyp, olary hemişelik ýapýarlar. Telekeçiler ýurtdaky karantin çäklendirmeleri sebäpli dükanlaryň işi bilen bagly ýagdaýyň nähili boljagynyň belli däldigini aýdyp, telekeçilik işi baradaky rugsatnamalaryny hem yzyna tabşyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji noýabrda Marydan habar berdi.