Şu günler maryly telekeçileriň ençemesi hususy dükanlardaky harytlaryny doly boşadyp, olary hemişelik ýapýarlar. Telekeçiler ýurtdaky karantin çäklendirmeleri sebäpli dükanlaryň işi bilen bagly ýagdaýyň nähili boljagynyň belli däldigini aýdyp, telekeçilik işi baradaky rugsatnamalaryny hem yzyna tabşyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji noýabrda Marydan habar berdi.
"Mary şäherindäki azyk we beýleki harytlary satýan hususy dükanlar boşaýar. Şu gün şäheriň "Şöhrat" diýlip atlandyrylýan bazarynda we onuň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlaryň aşagynda ýerleşýan hususy dükanlardaky telekeçiler öz harytlaryny öýlerine daşadylar. Dükanlary boşatdylar" diýip, habarçy gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan telekeçileriň ençemesi koronawirus çäklendirmeleri sebäpli dükanlary ýapyk galanda, uly möçberde maddy zyýan çekendiklerini we mundan beýläk-de ýagdaýyň nähili boljagynyň belli däldigini aýdýarlar.
"Biz dükanlarymyz üçin 6-7 aý öňünden kireý töläpdik. Ýöne karantin sebäpli harytlarymyzy satyp bilmedik. Munuň öwezini dolmak üçin döwlet tarapyndan kömek berilmedi. Indi dükanyň kireýini tölemäne pulumyz ýok. Hatda pulumyz bolaýanda-da, häzir hökümetiň näme etjegi belli däl" diýip, telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen bagly ýekeje-de hadysanyň hasaba alynandygy barada habar bermese-de, mart aýyndan bäri karantin çäklendirmeleriniň ençemesini güýje girizdi. Onuň çäginde halkara awia gatnawlary togtadylyp, sebitleriň arasyndaky hereket çäklendirildi, dükanlaryň we bazarlaryň ençemesi ýapyldy.
Telekeçiler şu günler köp adamyň öz telekeçilik işi baradaky rugsatnamalaryny hem yzyna tabşyrýandygyny aýdýarlar. Ýöne olaryň sözlerine görä, salgyt gullugynyň işgärleri telekeçileri rugsatnamalary tabşyrmazlyk barada yrmaga synanyşýarlar.
"Şu gün irden sagat 9 töwereginde şäher salgyt gullugyna baryp, telekeçiligimi ýapyp bermeklerini talap etdim. Meniň ýaly telekeçiligini ýapdyrmana baran adamlar kändi. Şäher salgyt gullugynyň işgärleri biziň telekeçiligimizi ýapasy gelmän, Mollanepes köçesinde ýerleşýän welaýat salgyt gullugyna baryp, bu barada rugsatnama almagy tabşyrdylar" diýip, maryly telekeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, welaýat salgyt gullugyna baran telekeçiler resmilere: "Biz telekeçi bolup bilmeýäris. Sebäbi hiç bir harytlarymyzy satmaga rugsat ýok. Biz her aý döwlete pul berip bilmeýäris" diýdiler.
"Salgyt işgärleri "Şu günler telekeçiligini ýapdyrmana gelýän adam gaty kän. 10 sany telekeçi bar bolsa, 7-si ýapdyrmakçy bolýar. Emma gowy pikirleniň, häzir ýapdyrsaňyz soň açmak gaty kyn bolar" diýip, bizi yrmakçy boldular. Olar bize: "Iň bolmanda her aýda döwlete 30-40 manat tölär ýaly edip ýazyp bereli" diýip aýtdylar. Men "Ýok. Her aýda 30 manat töläp bilmeýän" diýip, şu güne çenli hasapladyp, döwlete bergimi zordan ýapdym" diýip, maryly telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Mary welaýat we şäher salgyt gulluklaryndan, şeýle-de häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Azatlygyň habarçysy soňky günlerde şäherdäki ençeme dükanyň boşap galandygyny aýdyp, munuň dükanlaryň hakyky eýelerine hem oňaýsyz täsir ýetirýändigini belleýär.
"Dükan eýelerine her aýda arenda puly gelýärdi. Häzir olar hem ýagdaýyň kyndygyny, hiç kimiň kireýine dükan alasy gelmeýändigini aýdýarlar. Köp dükanlar satlyga çykarylypdyr" diýip, dükan eýeleri bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Ýurtda COVID-19 bilen bagly ýekeje hadysanyň hem hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri karantin, şol sanda içerki gatnaw çäklendirmeleriniň möhletini 2021-nji ýyla çenli uzaldyp, köpçülikde maska geýmek talabyny güýçlendirýärler.
Şol bir wagtda, ýurt resmileri bu çäklendirmeleriň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler. Şeýle-de, bu çäklendirmeleriň näçe adamyň işine täsir ýetirýändigi, olara döwlet tarapyndan maddy goldaw berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada hem mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.