Sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenmegini talap edýän zenanlar polisiýa çagyrylyp gorkuzylýar
Aşgabat şäherinde sürüjilik şahadatnamalarynyň yzyna berilmegini talap edip, dürli döwlet edaralaryna arza ýazan aýal-gyzlar etrap polisiýa müdirliklerine çagyrylýar. Olardan indi döwlet edaralaryna barmajakdyklary we arz-şikaýat etmejekdikleri barada dil haty ýazmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.