Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda Aşgabatda Gazagystanyň iş saparyna gelen premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we ösüş depginine ýokary baha berildi, özara gatnaşyklaryň köp ugurlary, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy diýip, TDH habar berýär.
Şeýle-de, ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, oba hojalygy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berlendigi bellenýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzir hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň, türkmen tarapynyň Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýoluny gurmak baradaky täze başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.
Serhetýaka hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylanda, üstaşyr gatnawy artdyrmak, Türkmenistanyň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek barada pikir alşyldy.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri diýip bellenildi. Bu ulgamda Türkmenistan we Gazagystan, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet eýeçiligindäki neşir ýazýar.
Şeýle-de, taraplar gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermekde, obasenagat toplumynda täze, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge... özara gyzyklanma bildirdi.
Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm ornuny belledi.
Şeýlelikde, gazak premýeri Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, bu toparyň nobatdan daşary tertipde guraljak mejlisine gatnaşar.
Şu aralykda, Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi Merkezi Aziýa döwletiniň demirgazyk sebitinde, Orsýet bilen araçäkleşilýän ýerlerde guş dümewiniň ýüze çykarylandygyny aýtdy.
Ministrlik 17-nji sentýabrda çap eden beýanatynda Demirgazyk Gazagystan sebitiniň ýedi etrabynda, 9-16-njy sentýabr aralygynda guslar köpçülikleýin gyrlandan soň, 10 obanyň we şäheriň karantin astyna alnandygyny, guş dümewi boýunça geçirilen synaglaryň netijeleriniň pozitiw, ýagny oňyn bolandygyny aýtdy.
Halkara düzgünlerine laýyklykda, Gazagystan Bütindünýä haýwanlary goramak we Bütindünýä haýwan saglygy guramasyna bu wirus barada habar berdi diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle hem ministrlik guş dümewiniň ýaýramagynyň öňüni almak, ýagny ölen guşlary ýakmak we guş fermalaryny we olara ýakyn ýerleri dezinfeksiýa etmek üçin zerur bolan çäreleriň görülýändigini aýtdy.
Ministrlik Kostanaý we Pawlodar sebitleriniň töwereginde, şeýle hem paýtagt Nur-Soltany gurşap alan Akmola sebitiniň käbir etraplarynda guşlara sanjym etmek kararyna geldi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, taraplar serhetýaka hyzmatdaşlygyny maslahatlaşannda, “ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde" tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy”.
Emma muňa garamazdan, habarda taraplaryň Gazagystanyň demirgazygynda ýüze çykarylan guş dümewi barada maslahatlayp-maslahatlaşmandygy aýdylmaýar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary ýurduň sebitlerinde awçylaryň berk çäklendirmelere sezewar edilendigini habar berýärler.
Ýakynda gowşan maglumatlara görä, ýurtda nobatdaky aw möwsümi açylman, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli yza süýşürildi.
Aw möwsüminiň soňa goýulmagy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 16-njy sentýabrda "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde çap edilen bildirişine görä, "dürli görnüşdäki ýiti ýokanç keselleriň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy netijesinde dünýäde emele gelen ýagdaý we bu ýokanç keselleriň ilat arasyna ýaýramagynyň öňüni almak maksady" bilen düşündirilýär.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri Farap etrabynda ilat arasynda wagyz edip, aw guşlaryny, beýleki haýwanlary awlamazlygy, olaryň etini iýmezligi, satmazlygy maslahat berýärler.
"Balykçylar hem berk yzarlanýar, häkimiýetler balyk tutmagy ýene doly gadagan etdi" diýip, habarçy aýtdy.
Emma ministrligiň web sahypasynda aw haýwanlaryndan, şol sanda balyklardan ýokuşyp biljek ýokanç keseller barada hiç bir maglumat berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.