Oppozisiýanyň ýolbaşçylygynda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyş etmek maksady bilen gurnalan soňky protest ýygnanyşygynda müňlerçe belarusly Minskiň merkezinden ýöriş etdi.
Protestçileriň birnäçe tapgyry şäher merkezine barýan köçelerde ýöriş etdi, köp adam oppozisiýa tagallalarynyň nyşanyna öwrülen resmi däl gyzyl-ak belarus baýdagyny göterdi. Adamlar "Uzak ýaşa Belarus!" we "Utanç!" diýip gygyrdylar, beýleki şygarlary galdyrdylar.
Biraz öň Minskiň merkezindäki birnäçe hökümet binasynyň we ýadygärlikleriniň töwereginde pitnä garşy polisiýasynyň tikenek simleri aýlaýandygy, birnäçe metro duralgasynyň daşynda kaskaly polisiýa ofiserleriniň ýerleşdirilendigi görüldi.
Telegram kanallarynda ýerleşdirilen wideolar sowutly ulaglaryň şäheriň birnäçe ýerinde goýulandygyny görkezýär.
Protestleriň Belarusyň günbataryndaky Hrodno şäherinde we günortadaky Homel şäherinde-de gurnalandygy habar berildi.
Oppozisiýa toparlary 6-njy sentýabrdaky demonstrasiýa, geçen dynç günleri bilen deňeşdirilende, has kän protestçi goşular diýip umyt edýärler.
Belarusyň esasy oppozisiýa lideri öz ýurdunyň, prezident Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetiniň “öz halkyny diňlemeýändigi” sebäpli, “çuň syýasy krizise” düşendigini aýtdy.
Swetlana Tihanowskaýa 5-nji sentýabrda göni ýaýlymda 9-njy awgustda geçirilen dawaly prezident saýlawlarynyň netijelerine nägilelik bildirmek üçin hökümete garşy tutuş ýurt boýunça guralýan demonstrasiýalar barada gürrüň edip, "Belaruslar indi özgerdi, olar oýandy" diýdi.
Tihanowskaýa belarus halkynyň özgerişlik isleýändigini we "adamlaryň indi häzirki hökümete ynanmaýandyklaryny" aýtdy.
Ol protestçileriň "yza dolanmazlyk pellesine baryp ýetendiklerini" we indi ol "adamlary yza çekilmäge mejbur edip bolmajakdygyny" aýtdy.
Lukaşenka prezident saýlawynda 80% ses alyp, bäsleşikde Tihanowskaýadan üstün çykandygyny yglan edeli bäri häzire-bu güne çenli uçran iň uly protestler synagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Protestçiler saýlawda oppozisiýa kandidatynyň ýeňendigini aýdyp, öz diýenlerinde berk durýarlar.
Tihanowskaýa, eger-de özi iş başynda bolsa, derrew “syýasy tussaglary azat edip”, “täze adalatly we aç-açan prezident saýlawlaryny gurajakdygyny” aýtdy.
Tihanowskaýa özüniň bu saýlawda prezidentlige dalaş etmek planynyň ýokdugyny aýtdy. Tihanowskaýa bu sözleri Minskde Minsk döwlet dil uniwersitetiniň studentleri we aýallar toparlary tarapyndan aýry-aýrylykda guralan täze, iki sany rugsat berilmedik ýygnanyşyk geçirilýän mahalynda aýtdy.