Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tankytçysy Nawalnyý 'huşsuz, agyr halda' ýatyr. Egindeşleri onuň zäherlenendigini çaklaýar


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

“Biz Alekseý çaýa garylan bir zatlar bilen zäherlenendir diýip çak edýäris. Bu onuň irden içen ýeke-täk zadydy. Lukmanlar zäheriň gyzgyn suwuklygyň üsti bilen çalt siňendigini aýdýarlar" diýip, Ýarmyş aýtdy.

Kremliň tanymal tankytçysy Alekseý Nawalnyý Sibirde bir hassahananyň agyr näsaglar bölüminde, emeli dem aldyryş enjamlaryna baglanyp, huşsuz ýatyr, metbugat wekili onuň zäherlenendigini güman edýär.

Rus lukmanlary Alekseý Nawalnynyň janyny halas etmek üçin göreşýändiklerini aýdýarlar.

Korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan 44 ýaşy oppozisioner "entegem emeli dem alyşda, huşsuz we agyr ýagdaýda. Geçirilen saglyk synagynyň netijeleri entek taýýar däl" diýip, metbugat wekili Kira Ýarmyş 20-nji awgustdaky twitter maglumatynda ýazdy.

Ol biraz öň Nawalnynyň Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa, yzyna dolanyp gelýärkä näsaglandygyny we uçaryň Omskda, gyssagly ýagdaýda gondurylmagyna sebäp bolandygyny habar berdi. Bu ýerden ony "Tiz kömekde" gyssagly hassahana alyp gitdiler.

Ýarmyş syýasatçynyň Tomsk uçar menzilinden satyn alan bir käse çaýyndan zäherlenen bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

"Biz Alekseý çaýa garylan bir närse bilen zäherlenen bolmasyn diýip güman edýäris. Bu onuň irden içen ýeke-täk zadydy. Doktorlar zäheriň gyzgyn içgi arasynda tiz siňendigini aýdýarlar" diýip, Ýarmyş aýtdy.

Ýolagçylar Nawalnynyň uçuş wagtynda tualete gidip, soň yzyna gelmändigini gürrüň berýärler. Olar onuň kömege çagyryp gygyrýandygyny eşidipdirler.

Omsk şäherindäki 1-nji Tiz kömek hassahanasynyň doktory Anatoliý Kaliniçenko Nawalnynyň ýagdaýynyň agyrdygyny we onuň häzir emeli dem alyş astynda ýatandygyny tassyk etdi.

Emma muňa garamazdan, ol "onuň düşen ýagdaýynyň sebäbiniň zäherlenme bilen baglydygy belli däl" diýdi. "Bu diňe mümkin bolan sebäpleriň biri" diýmek bilen, ol saglyk synagy geçirilende başga-da birnäçe diagnozyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

Emma Ýarmyş doktorlaryň "gös-görnetin haýal-ýagallyk edýändiklerini we bilýän zatlaryny aýtmaýandyklaryny" aýdyp zeýrendi we hassahananyň polisiýa ofiserlerinden doludygyny sözüne goşdy.

"Keselhanada eýýäm doktora garanda has kän polisiýa işgäri bar. Derňew komiteti bolsa ýap-ýaňyja geldi" diýip, ol aýtdy.

Nawalnynyň uçan we näsaglyk tapan uçarynda uçan ýolgaçy Pawel Lebedew Nawalnynyň uçuşyň başynda tualete gidengini we ol ýerden dolanyp gelmändigini gürrüň berdi.

"Ol hakykatdanam hassady we şindi hem agyrysyndan gygyrýardy. Olar oňa anyk näme bolandygyny aýtmadylar. Biz Omskda gonduk. Tiz kömek maşyny geldi" diýip, ol sosial mediada çap eden beýanatynda aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Nawalnyý Russiýada giň ýaýran korrupsiýany paş etdi.

Soňky ýyllarda ol birnäçe gezek türmä basyldy, prezidentlige dalaş etmäge goýberilmedi, Moskwanyň häkimligine dalaş etmeginiň öňi baglandy. Ol geçmişde fiziki hüjümlere hem sezewar edildi.

2019-njy ýylyň iýulynda rugsatsyz protestlere çagyrandan soň, Nawalnyý 30 günlük azatlykdan mahrum edildi. Şol türme tussaglygynda ol ýüzi çişip, örgi örüp, keselhana äkidildi. Şonda hem onuň zäherlenen bolmak ähtimallygy öňe sürüldi.

"Elbetde, olar oňa ýene edil şol öňki emeli etdiler" diýip, Nawalnynyň 2011-nji ýylda esaslandyran Korrupsiýa garşy gaznasynyň metbugat sekretary Ýarmyş aýtdy.

Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasynyň kanun bölüminiň başlygy Wýaçeslaw Gimadi twitterde "Nawalnynyň öz syýasy pozisiýasy we işjeňligi üçin zäherlenendigine hiç bir şübhe ýok" diýip ýazdy.

Şeýle-de ol, Nawalnynyň aklawçylarynyň kast ediş synanyşygy boýunça derňew geçirilmegini talap edýändiklerini aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell "Alekseý Nawalnynyň zäherlenen bolmak ähtimallygyny eşidip, alada galandygyny" aýtdy.

"Eger-de bu tassyklanylsa, günäkärler jogapkärçilige çekilmeli" diýip, ol twitterde çap eden ýazgysynda Kreml tankytçysynyň "basym we doly sagalmagyny" arzuw edýändigini aýtdy.

Kreml prezident Wladimir Putiniň baş tankytçysynyň näsaglandygyny bilýändigini we oňa gutulmagy arzuw edýändigini aýtdy, ýöne onuň zäherlenendigini görkezýän subutnamanyň ýokdugyny belledi.

Şu aralaykda TASS döwlet habar gullugy bir çeşmä salgylanyp, oppozisiýa bloggerine hassahana ýerleşdirilende goýlan deslapky diagnozyň "psihodisleptikler bilen ýiti zäherlenme" bolandygyny aýtdy.

Nawalnynyň lukmany Ýaroslaw Aşihmin Meduza onuň bejergi üçin "Ýewropa ewakuasiýa edilmelidigini" aýtdy we "Biz Hanowerdäki ýa-da Strasburgdaky keselhana bilen ony kabul etmekleri baradaylalaşyk baglaşmaga synanyşýarys" diýdi.

Şeýle hem Aşihmin günbatar klinikalarynda zäherlenmä sebäp bolup biljek maddany tapmak üçin has köp mümkinçiligiň bardygyny aýtdy.

Nawalnynyň çaý satyn alan kafesi barlagdan we howpsuzlyk gözegçiliginden geçirilen, berk howpsuzlyk şertleri üpjün edilen ýerde ýerleşýärdi.

Hukuk goraýjy gullukdaky çeşme TASS-a kafe işgärleri bilen geçirilen söhbetdeşlikler olaryň bolup geçen zatlar hakda az bilýändiklerini görkezdi diýdi.

XS
SM
MD
LG