16-njy awgusta ABŞ-da, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde türkmen aktiwistleri nobatdaky gezek toplanyp, protest çäresini geçirdiler. Olar Türkmenistanyň içindäki kanun bozmalara, şol sanda adam hukuklarynyň depelenmegine, türkmen häkimiýetleriniň koronawirus pandemiýasy döwri ilata ýeterlik hemaýat etmeýändigine we munuň bilen bagly maglumatlary ýaşyrýandygyna, syýasy tussaglaryň ykbalyna hem ünsi çekdiler.