Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapdan Aşgabada okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen hökümeti ýurtda COVID-19 ýokuşan näsagyň ýokdugyny aýdyp gelýän mahaly, Lebabyň ýokanç keseller hassahanasynda koronawirus alamatlary bolan näsaglar köpelýär. Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär. Migrasiýa gullugy çagasy daşary ýurtlarda okuwyny tamamlan ene-atalara jaň edip, olaryň Türkmenistana getiriljekdigini duýdurýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

"Ýagdaý ýene-de erbetleşdi, COVID-19 ýokaşanlaryň sany köpelýär. 11-nji awgustda irden COVID-19 barlaglarynyň netijesi pozitiw çykan 5 student ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirildi. 12-nji awgustda gündiz ýene-de 8 studenti, şol güni gije başga-da 1 studenti getirdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, olar 3-4-nji kursda okaýan studentler bolup, olaryň arasynda gyzlar we oglanlar bar. Olara COVID-19 wirusynyň ýokuşandygy Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da şu ýyl okuwa giren lebaply studentlerde geçirilýän barlaglarda anyklandy.

"Türkmenabat şäheriniň iki mekdebinde Aşgabada okuwa gitmeli studentlerde barlag geçirilýär. Olar 22-23-nji mekdeplerde analizleri tabşyryp, soňra şol ýerde, karantin astynda testiň jogabyna garaşýarlar. 3-4 günüň dowamynda testiň jogaby belli bolýar. Barlag netijesi pozitiw bolan studenti tiz kömek ulagynda welaýatyň ýokanç keseller hassahanasyna iberýärler. Olara polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär" diýip, lebaply studentleriň ene-atalarynyň we saglyk işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.

Habarçy häzirki güne çenli COVID-19 barlaglarynyň netijesi pozitiw bolan studentleriň jemi sanynyň 16-a ýetendigini aýdyp, entek barlagdan geçmedik studentleriň sanynyň has köpdügini hem belledi.

Habarçynyň sözlerine görä, COVID-19 barlagyndan geçmekden ýüz öwüren studentler ýa-da abiturientler Aşgabada okamaga goýberilmeýär.

Habarçy welaýatda COVID-19 ýa-da onuň alamatlary bilen keselleýänleriň köpelýändigi sebäpli şäheriň Köpugurly hassahanasyny karantinden çykarmak planlarynyň goýbolsun edilendigini hem aýtdy.

"10-njy awgustda keselhananyň ýolbaşçylary öz saglyk işgärlerine 15-nji awgustdan başlap hassahananyň öňküsi ýaly özüne degişli näsaglary kabul etjekdigini aýdypdyr. Ýöne soňra COVID-19 näsaglarynyň köpelip başlandygy sebäpli Köpugurly hassahananyň ýene-de karantin bolmagynda galýandygy aýdylypdyr" diýip, bu keselhananyň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, 24-nji iýulda Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdaky Köpugurly hassahananyň karantine ýapylandygyny habar beripdi.

Bu aralykda, şu günler Lebabyň häkimiýetleri daşary ýurtlarda okuwyny tamamlan türkmen studentleriniň ene-atalaryna çagalarynyň ýurda getiriljekdigini duýdurýarlar.

"Migrasiýa gullugynyň işgärleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlan studentleriň öýlerine jaň edipdirler. Olar ene-atalardan "Siziň çagaňyz okuwy tamamlap, daşary ýurtda näme edip ýör? Işleýärmi?" diýip sorapdyrlar. Şeýle-de, olar 1-nji sentýabrdan olaryň Türkmenistana getirilip başlanjakdygyny aýdypdyrlar. Olar ene-atalara "çagalaryňyz muňa taýýarlansyn" hem diýipdirler" diýip, habarçy ene-atalara salgylanyp gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, Lebap welaýatynyň dermanhanalarynda medisina maskalarynyň ýetmezçiligi saklanyp galýar. Habarçy käbir dermanhanalaryň gyt maskalary ýaşaýjylara däl-de, diňe polisiýa işgärlerine satýandygyny aýdýar.

"Dermanhanalarda hemmeler medisina maskasyny soraýar. Dermanhana işgäri onuň ýokdugyny aýdýar. Ýöne polisiýa işgäri gelip, "Maska barmy?" diýip soranda, dermanhana işgäri bir paket maskany çykaryp berdi. Hemmeler gaharlandy. Adamlar "Näme üçin polisiýa işgärine maska bar-da, bize ýok? Biz adam dälmi?" diýip soradylar. Dermanhanaçy "Olar öňünden buýurdylar we pul geçirdiler" diýip jogap berdi" diýip, habarçy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Bu aralykda, habarçy 13-nji awgustda daňdan sagat 4-de Stambuldan "IL 76" kysymly ýük uçarynyň Türkmenabadyň aeroprotuna gonandygyny hem aýtdy.

"11 adamlyk ekipaz agzasy bolan uçarda derman serişdeleri bar" diýip, habarçy saglyk işgärleriniň birnäçesine salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we saglygy goraýyş bölüminden, şeýle-de agzalýan keselhanalardan kommentariý alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda COVID-19 alamalatlary bilen keselleýänleriň köpelýändigine we maska geýmek boýunça girizilen talaba garamazdan, dermanhanalarda adaty sowuklama üçin dermanlaryň hem-de medisina maskalarynyň tapdyrmaýandygyny habar berip gelýärler. Munuň bilen bir wagtda, maskalaryň we dermanlaryň bahalary gymmatlaýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň resmi taýdan hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG