Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Ýagdaýlar Mary welaýatynda agyrlaşýar, Lebapda kadalaşýar, Aşgabatda ölüm sanlary aşaklaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki çeşmesi Mary welaýatynda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlaryň agyrlaşýandygyny habar berdi. Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 ýokaşan näsagyň ýokdugyny aýdyp gelýär.

“Murgap etrabynda bir lukman koronawirusdan aradan çykdy. Ol bir aýlap öýde bejergi aldy, soňra işe çykdy. Ýöne aradan biraz wagt geçenden soň, onuň ýagdaýy ýaramazlaşdy we şondan soň aradan çykdy. Ol 55 ýaşlaryndady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy awgustda habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň ýokanç keselleri hassahanasy koronawirus alamatlary bilen aradan çykan adamlaryň jesetlerini olaryň dogan-garyndaşlaryna gowşurman saklaýar, ýöne munuň üçin “para beren” adamlar, hiç hili päsgelçiliksiz jesetleri kabul edip alýarlar we olary däp-dessurlara görä jaýlaýarlar.

“75 ýaşly başga bir aýal aradan çykdy. Ol şäheriň ýaşaýjysy. Şäheriň eteginde ýerleşýän Gökjede ýaşaýardy. Onuň maşgalasy gurply. Ol ilki özüniň keselhanadan alnyp gidilmegi üçin dogan-garyndaşlaryna jaň etdi. Dogan garyndaşlary gelýänçä ol aradan çykdy. Onuň jesedini bermek islemediler, onsoň, dogan-garyndaşlary pul tölediler we jesedi aldylar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, degişli adamlara para berip, jesetleri kabul etmäge we olary jaýlamak üçin ähli adatlary berjaý etmäge rugsat berilýär.

“Şol aýal jaýlananda ähli däp-dessurlar berjaý edildi. Hiç kim päsgelçilik döretmedi” diýip, habarçy aýtdy. Ol maddy ýagdaýy pes başga bir maşgalanyň agzasy aradan çykanda, deň mümkinçiliklere ýol berilmändigini gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary keselhanalarda koronawirus alamatlary bilen aradan çykan adamlaryň jesetleriniň, keselhanalardan göni gonamçylyklara äkidilýändikleri, jesetleriň hossarlaryna gowşurylmaýandygy barada habar beripdi.

Galyberse-de, habarçy Maryda 1990-1992-nji ýyllar aralygynda doglan raýatlara wirusa garşy bir sanjym edilýändigini, ýöne maşgala lukmanlarynyň bu sanjym barada giňişleýin düşündiriş berip bilmeýändiklerini, diňe onuň dümewe garşydygyny aýdyp, çäklenýändiklerini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki çeşmesi Aşgabatda koronawirus bilen bagly ölümleriň 25-nji 26-njy iýulda paýtagtda iň ýokary derejä ýetendigini, 6-njy awgustdan bäri ölüm sanlarynyň aşaklaýandygyny habar berdi.

10-njy awgustda Azatlygyň Lebapdaky çeşmeleri, ýurduň gündogarynda girizilen petikleme çäreleriniň keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda oňyn netije berendigini habar berdiler.

“Şu günüň hasabynda kesellän adamlaryň sany örän az, ýöne testler geçirilýär” diýip, bir çeşme Azatlyk Radiosyna anonim şertlerde beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Lebapda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy döwlet gullugynyň 11-14-nji awgust aralygynda Türkmenabadyň köp ugurly hassahanasynda ýörite iş geçirmegi planlaşdyrýandygyny, munuň yz ýany 15-nji awgustdan başlap, hassahananyň terapiýa we hirurgiýa bölümleriniň hassa kabul edip başlamagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

“Terapiýa we hirurgiýa näsaglary kän, ýöne olaryň häzirki wagtda hassahanada ýatyp bejergi almaklaryna mümkinçilik ýokdy, indi 15-nji awgustdan başlap, köp ugurly hassahana näsaglary kabul edip başlar” diýip, çeşme Türkmenabatdan habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji awgustda Bütindünýä saglyk guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus we bu guramanyň Ýewropa ýurtlary boýunça sebit direktory Hans Klýuge bilen wideoduşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berdi.

Duşuşykdan soň, Klýuge özüniň Twitter hasabynda paýlaşan maglumatynda Türkmenistanda COVID-19 synagy negatiw netije görkezen pnewmoniýa wakalarynyň artmagyna Saglyk guramasynyň çynlakaý alada bildirendigini we BSG-niň toparyna ýurt içinde COVID-19 testlerinden garaşsyz nusga almaga we olaryň, ýurduň daşyna, Guramanyň laboratoriýalaryna äkidilmegine rugsat berilmegini sorandygyny mälim etdi.

BSG bilermenler toparynyň Türkmenistana barmagy geçen sapar 2, 5 aýdan gowrak wagt aldy. Guramanyň Türkmenistandan garaşsyz test nusgalaryny almak işleriniň nähili şertlerde amala aşyryljagy häzirlikçe aýdyň däl.

Prezidenti Berdimuhamedow Gebreisus bilen geçiren duşuşygynda “täze görnüşli ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäpleri häzire çenli doly çözülmedik mesele bolup durýar” diýdi.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 7-nji awgustda öz raýatlary üçin çap eden täze Syýahat duýduryşynda amerikan raýatlaryna COVID-19 sebäpli Türkmenistana sapar etmezligi maslahat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG