Gyrgyzystanda koronawirus we pnewmoniýa sebäpli ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň fonunda Bişkek morgunyň aşa köp adamdan dolýandygy baradaky habarlar sosial ulgamlarda ýygy-ýygydan peýda bolup başlady. Gazagystanda hem şuňa meňzeş ýagdaý gaýtalanýar: Bu ýerde žurnalistler ölen ýakynlarynyň jesetlerini almaga synanyşýan we birnäçe sagatlap binanyň daşynda garaşýan adamlaryň ullakan nobatyny wideo düşürdiler.
Resmiler Bişkek morgunyň aşa köp adamdan dolandygy baradaky maglumatlary ret edýärler, ýöne žurnalistleriň içeri girmegine rugsat bermeýärler. Olar morguň tutuşlygyna “gyzyl zona” diýlip yglan edilendigini aýdyp, epidemiýa - betbagtçylyklary ýaýratmagyň wagty däl diýýärler.
Emma morg indi hakykatdanam täze düzgünlere laýyklykda işleýär. Ölen adamlaryň (hristianlaram, musulmanlaram) jynazasy indi howluda okalýar, merhum bilen hoşlaşmak isleýänleriň sany mümkin boldugyça çäklendirilýär.
"Nastoýaşeýe wremýanyň" habarçylary bütin gün diýen ýaly patologiki anatomiki býuronyň binasynyň golaýynda bolup, şu maglumaty taýýarladylar.