Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB hususy pudagy goldamaga çalyşýar, synçylar hökümetiň maýa 'abraýynyň' galmandygyny aýdýarlar


Tahýa, telpek we papak satýan tahýaly satyjy.
Tahýa, telpek we papak satýan tahýaly satyjy.

Usowyň sözlerine görä, ýerli hyzmatdaş banklaryň üsti bilen, gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn serişde bermek arkaly, ÝDÖB azyk önümlerini gaýtadan işlemek we paýlamak, logistika, ulag hyzmatlary, gaplama, mebel we myhmanhana işleri bilen meşgullanýan hususy kompaniýalary goldamagy planlaşdyrýar.


Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt habar serişdeleriniň biri bolan “Trend” ýurduň hususy pudagyna daşary ýurt maýalaryny ýatyrmak mümkinçiligine umytly garaýar, emma synçylar koronawirus pandemiýasy bilen bagly geleňsizlikleriň türkmen hökümetiniň bolanja at-abraýyny hem gaçyrandygyny, iri maýadarlaryň beýle ýurtda maýa ýatyrmajakdygyny öňe sürýärler.

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Türkmenistanda öz işine başlan wagtyndan bäri ýurduň dürli pudaklaryndaky 70 taslama gatnaşyp, 272 million ýewro maýa ýatyrdy diýip, “Trend” habar gullugy bankyň wekili Anton Usowa salgylanyp habar berýär.

Bu maýa goýumlary hususan-da ýurduň 200-den gowrak kiçi we orta kärhanasyna telekeçilik ýardamlaryny almaga mümkinçilik berdi diýip, Usow sözüniň üstüni ýetirdi.

Usow ÝDÖB-nyň geljekdäki maýa goýumlary barada söz açyp, bankyň Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny öndürmek bilen meşgullanýan “Ak hünji” kompaniýasyna karz pul bermekçidigini aýtdy.

"Bu karz 2020-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda bölünip berler" diýip, bankyň wekili goýberiljek serişdäniň möçberini anyklaşdyrmazdan, sözüni dowam etdirdi.

Onuň tassyklamagyna görä, dogry mümkinçilikler dörän halatynda, ÝDÖB beýleki türkmen kompaniýalaryna hem şuňa meňzeş karzlary berip biler.

Şu ýylyň başynda ÝDÖB we Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda geýim-gejimleri gury arassalaýyş işiniň ýaýbaňlandyrylmagyna goldaw bildirdi.

Mundan başga, bankyň arassaçylyk önümlerini öndürýän hususy kärhana, “Rysgally El” kompaniýasyna goldaw üçin 1,3 million dollar karz berendigi bellenýär.

Şeýle-de, Usowyň sözlerine görä, ýerli hyzmatdaş banklaryň üsti bilen, gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn serişde bermek arkaly, ÝDÖB azyk önümlerini gaýtadan işlemek we paýlamak, logistika, ulag hyzmatlary, gaplama, mebel we myhmanhana işleri bilen meşgullanýan hususy kompaniýalary goldamagy planlaşdyrýar.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Koronawirus pandemiýasynyň global nebit bahalaryna ýetiren täsiri resmi Aşgabadyň esasy eksport önüminiň berýän girdejileriniň hem düýpli azalmagyna getirdi we serhetleriň baglanmagy ýurduň bazarlarynyň daşardan getirilýän harytlara barha köp derejede garaşly bolýandygyny ýüze çykardy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlislerinden resmilerden oba hojalygyndaky, nebit-gaz pudagyndaky we beýleki ugurlardaky önümçiligi ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksport edilýän önümleri köpeltmek talaplaryny yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan halkara korrupsiýa hasabatlarynda hemişe iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda görkezilýär we synçylar resmi Aşgabadyň daşary ýurt sermaýasyny çekmek mümkinçiliginiň hemişe az bolandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazowyň tassyklamagyna görä, çynlakaý daşary ýurt kompaniýalary hiç wagt Türkmenistan ýaly ýapyk, açyk-aýdyňlygyň ýok ýurtlarynda maýa ýatyrmaýar.

Şeýle-de synçylar Türkmenistanyň, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetini aljyradan keseliň görnetin subutnamalary bolsa-da, ýurduň çäginde hiç bir hadysany resmi taýdan hasaba almazlygyna geň galýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýeriň pikiriçe, has gowy saglygy saklaýyş ulgamy bolan ýurtlarda hem günde müňlerçe täze näsag ýüze çykarylýan wagtynda Aşgabadyň, barha köpelýän subutnamalara garamazdan, Türkmenistany wirusy ýurda golaýlatman saklap bilen ýurt hökmünde görkezjek bolmagy adamlaryň ýadyndan aňsat-aňsat çykmasa gerek.

“Ýolbaşçylary şeýle derejede gözden düşen, özlerini biabraý eden bir ýurda daşary ýurt maýadarlarynyň maýa ýatyrjakdygyna ýa-da beýleki hökümetleriň Türkmenistana bil baglap, ony dost ýa-da hyzmatdaş hasaplap biljekdigine ynanmak-da, muny göz öňüne getirmek-de kyn” diýip, B. Panniýer golaýda türkmen prezidentiniň pandemiýa we harasat döwründäki emelsizlikleri barada ýazan göwrümli analizinde aýtdy.

Ýöne Türkmenistan daşary ýurt maýasyny çekmek meselesinde öňräkden bäri gözgyny ýagdaýda galmagyny dowam etdirýär.

Kommersant.ru neşiriniň 2017-nji ýylyň martyndaky maglumatyna görä, Türkmenistan öňki sowet respublikalarynyň arasynda maýa ýatyrylmagyna döredilen şertler boýunça iň soňky derejä mynasyp boldy.

Ekspertleriň “Ýewraziýa ösüşi” merkezi Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň sekiz ýurdunyň sermaýa çekijiligi boýunça görkezijileri taýýarlady.

Hasabatyň awtorlary üç ýyl ozal hem Merkezi Aziýanyň we günorta Kawkazyň sekiz ýurdunda garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde bäsleşikli, diwersifikasiýa edilen we açyk ykdysadyýetiň döredilip bilinmändigi barada netijä gelipdiler.

Bu sekiz döwletiň başyny Gazagystan çekýär, ikinji orunda Azerbaýjan, soň Özbegistan, Gürjüstan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Täjigistan gelýär we iň soňky orunda Türkmenistan ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň iň soňky derejäni almagy ýurtdaky islendik ykdysady işjeňligini düýpli kontrolda saklamaga synanýan gazaply syýasy model bilen düşündirilýär.

Bu ýurtlar ykdysadyýetiň täze modelini gurmagy hem, uzak möhletli ösüş perspektiwalaryny kesgitlemegi hem başarmadylar we SSSR-iň senagat mirasyny maksimal derejede ulanmaga çalyşdylar diýip, hasabatda aýdylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG