Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti ykdysady ösüş sanlaryny berip, ykdysadyýet ministrini işden boşatdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň wise-premýeri G.Muşşikowyň hasabatynda görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň umumy içerki önümçiligi 5,9% göterilipdir we geçen ýylkysyndan önüm 4,4% köpelipdir. Maýda söwdanyň dolanyşygynyň möçberi tas 14% artypdyr.

3-nji iýulda hökümet maslahatynda öňe sürlen ösüş sanlaryna görä, urduň uly we orta kärhanalarynda ortaça aýlyklar geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 10,5% ýokarlanypdyr.

Maslahatda yglan edilen ykdysady ösüş sanlaryna garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedowy wezipesinden boşatdy we ony Ministrler kabinetiniň bank we halkara guramalar boýunça bölüminiň başlygy wezipesine geçirdi.

Şeýle-de, türkmen hökümetiniň maslahatynda 2020-nji ýylyň döwlet býujetiniň dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlar nukdaý nazaryndan täzelenen görnüşleriniň taslamalary hödürlendi. Býujete degişli üýtgetmeleriň jikme-jikleri resmi habarda agzalmady. Prezident indiki 2021-nji ýylyň býujetini düzmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Türkmenistan ýyllarboýy döwlet býujetiniň 70-80% sosial ugurlaryna sarp edilýändigini aýdyp gelýär, ýurtda dowam edýän işsizlik, azyk ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy, ýurt ilatynyň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasy ýaly problemalary boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG