Merkezi Aziýanyň gaz öndürijileri Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan, koronawirus pandemiýasynyň täsirinden soň talabyň azalmagy bilen, Hytaýa iberýän gaz paýlaryny azaltmagy ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada “S&P Global Platts” neşiri “Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhriddin Abdullaýewe salgylanyp sişenbe güni habar berdi.
“Hytaý gazyň göwrüminiň azaldylmagyny sorady, ýöne iberilýän gazyň göwrüminiň Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda proporsional derejede azaldylmalydygyny mälim etdi” diýip, neşir Abdullaýewiň sözlerini getirdi.
“Hytaýa gaz iberýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üçüsiniň utgaşdyrjy komiteti takyk mukdary ara alyp maslahatlaşýar. Heniz netijä gelmediler” diýip, ol sözüne goşdy.
Martyň başynda koronawirus pandemiýasynyň fonunda Hytaýyň baş gaz importçysy – PetroChina ýurda import edilýän gazyň göwrüminiň azaldylýandygyny mälim edip, fors mažor yglan etdi.
Munuň yazýany mart aýynda Gazagystan Hytaýa iberýän tebigy gazynyň göwrümini 20-25 prosent kemeldendigini mälim etdi.
Uzynlygy 1833 kilometrlik Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň mawy ýangyjy Hytaýa iberilýär.
Geçiriji ýylyň dowamynda 55 milliard kub metr gaz ibermäge ukyplydyr.
“Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň başlygynyň sözlerine görä, Özbegistan bu geçirijiniň üsti bilen Hytaýa ýylda 10 miliard kub metr gaz akdyrýar. Hytaýyň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2019-nji ýylda Hytaýa Gazagystan 7,1 milliard kub metr, Türkmenistan 33,3 milliard kub metr tebigy gaz eksport etdi.
“British Petroleumyň” (BP) maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2017-nji ýylyň dowamynda Hytaýa 31.7 milliard kub metr gaz iberdi.
Türkmenistanyň energiýa resmileri gaz importlaryny azaltmak boýunça Hytaýyň yglan eden kararyny teswirlemedi.
Pandemiýanyň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky energiýa söwdasyna ýetiren täsiri barada anyk sanlara heniz mälim däl.
Hytaýyň statistika maglumatlaryna görä, ýanwar we fewral aýlarynda ýurduň Türkmenistandan edýän importlary öňküsinden 17 prosent pese gaçdy.
Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir. 2016-njy ýylda Russiýa 2017-nji ýylda Eýran türkmen gazyndan ýüz öwrenden soň, 2019-njy ýylyň iýulyna çenli Russiýa ýyllyk bary-ýogy 5,5 milliard kub metrlik türkmen gazyny satyn almak boýunça täzeden ylalaşyk baglaşýança Türkmenistan energiýa eksportlarynda diňe Hytaýa garaşly bolup galdy.
Energiýa serişdeleriniň bahalarynyň global arzanlamagy, şeýle-de Russiýa Eýran ýaly iri energiýa müşderilerini ýitirmegi bilen Türkmenistan 2016-njy ýyldan soň ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.