ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 30-njy iýunda Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen "C5+1" görnüşindäki duşuşygyny geçirdi. Wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen mejlise Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistannyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy.
TASS habar gullugynyň ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp ýazmagyna görä, mejlisde sebitiň pandemiýa wagtyndaky azyk üpjünçiligi meselesine garaldy.
Döwlet sekretary howpsuzlyk babatyndaky, şol sanda Owganystandaky umumy bähbitler üçin, ABŞ-nyň bu diplomatiki platforma ygrarlydygyny tassyk etdi diýip, resmi maglumatda aýdylýar.
Şeýle-de, Pompeo "ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we toprak bitewiligi üçin üýtgewsiz goldaw berýändigini" aýtdy we, pandemiýa wagtynda sebitiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady durnuklylygy we gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny belledi.
Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilelikdäki gurallaryň ýola goýulmagy hem mejlisde garalan esasy meseleleriň arasynda boldy. Emma resmi Aşgabat azyk üpjünçiligi, koronawirus meselelerini agzamaýar.
Daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistanyň owgan meselesi babatyndaky garaýyşlaryny beýan edip, türkmen tarapynyň goňşy döwletdäki syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrundaky hyzmatdaşlygy goldaýandygyny, bu ugurda ýurduň ähli syýasy-diplomatiki mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga taýýardygyny nygtady.
"Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy" diýip, TDH belleýär.
Şeýle-de, sebit ähmiýetli özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri, düzümleýin ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň şertleri, saglyk, energetika, ulag, daşky gurşaw ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan TOPH we beýleki taslamalary, şol sanda ýurduň nebit-gaz pudagyny, oba senagatyny ösdürmek üçin daşary ýurt sermaýalaryny gözleýär.
"C5+1" görnüşindäki nobatdaky maslahat türkmen aktiwistleriniň ABŞ-nyň paýtagtynda we Nýu-Ýorkda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňünden gurnan protest çäreleriniň yz ýanyna gabat geldi.
Protest wagtynda çykyş edenler Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň basgylanmagyna, giň ýaýran korrupsiýa, Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuna we ýiti azyk problemalaryna, şeýle-de resmi taýdan tassyklanylmaýan koronawirus hadysalaryna, häkimiýetleriň bu ugurdaky geleňsizliklerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge çalyşdylar.
Soňky protest aksiýalary Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gopan harasatdan ejir çeken ilata, şeýle-de Türkiýede, koronawirus aladalary bilen baglylykda, ýasama arak içip ýogalan onlarça raýata berilmedik hökümet goldawy sebäpli güýçlenen nägilelikleriň, halk protestleriniň dowamy boldy.
Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde geçirilen protest aksiýasy ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň ABŞ-nyň Türkmenistan babatyndaky milli howpsuzlyk eglişiginiň ýatyrylmagyna çagyrmagynyň yz ýanyndan geçirildi.
Geýl Mançin bilen Gary Baueriň eurasianet.org neşirinde çap eden makalasynda aýdylmagyna görä, "Berdimuhamedowyň neo-stalinçi döwletiniň, hatda ABŞ kömegini alandygyny hem boýun almaýan ýurduň amerikan bähbitleri bilen baglanyşygyny görkezýän delil az, Birleşen Ştatlaryň goňşy Owganystandaky gatnaşygynyň ösmegi bilen sebit syýasaty hem ösmeli".
"Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki iň repressiw režimleriň biri bolup durýar we ol Birleşen Ştatlaryň aýratyn çemeleşmesine mynasyp däl" diýmek bilen, awtorlar ABŞ hökümetiniň milli howpsuzlyk sebäpli edýän eglişiginden el çekmelidigini we, adam hukuklaryny we dini azatlyklary köp bozandygy üçin, Türkmenistandan hasap soramalydygyny aýdýarlar.
Olaryň pikiriçe, "öz halkynyň esasy hukuklaryny aýak astyna alýan gözçykgynç diktatory goldamak Birleşen Ştatlaryň bähbidine däl".
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.