Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow 29-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ýurduň çäginden geçýän böleginiň gurluşygy barada hasabat berdi.
"Bu desga polat turbalar bilen doly üpjün edildi, gaz geçirijiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy" diýip, habarda aýdylýar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, häzir TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde turba geçirijiler doly kebşirlenip, türkmen-owgan serhedine eltildi, kebşirlenen turbalary oturtmak işleri dowam edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere halkara guramalary, ygtybarly maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçiren iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow “TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň okgunly depgininden” kanagatlanýandygyny aýdypdy.
Bellemeli ýeri, ozal Türkmenistanyň TOPH-yň öz çägindäki gurluşygyny tamamlandygy habar berlipdi we soňra ýurduň bu gurluşyk üçin turba satyn alýandygy hakynda maglumatlar çykdy.
Türkmen mediasy soň taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygyny, onuň Owganystandan we Pakistandan geçýän bölekleriniň çäginde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.