Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýurtda wirusyň öňüni alandygyny, BSG-nyň COVID-19 boýunça toparyny kabul etjekdigini aýdýar


Türkmenistan “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” diýen temada brifing geçirdi. Türkmen DIM-niň suraty.
Türkmenistan “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” diýen temada brifing geçirdi. Türkmen DIM-niň suraty.

Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow öz ýurdunyň koronawirusa garşy görülýän çäreler boýunça beýleki döwletler we halkara guramalar bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy diýip, türk mediasy habar berýär.

Resmi Aşgabat ýene bir gezek ýurtda koronawirus näsagynyň ýüze çykarylmandygyny we bu ýokanç keseliň öňüni almak boýunça öz gazanan tejribelerini dünýä ýurtlary bilen paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Türkmenistan “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” diýen temada brifing geçirdi diýip, türkmen DIM-i 8-nji maýda habar berdi.

Brifinge ýurduň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde ýurtdaky daşary ýurt guramalarynyň işgärleri hem gatnaşdy.

Şeýle hem bu çärä wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.


Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow öz ýurdunyň koronawirusa garşy görülýän çäreler boýunça beýleki döwletler we halkara guramalar bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy diýip, türk mediasy habar berýär.

Şeýle-de türk mediasynda Meredowyň öz ýurdunyň wirusa garşy görlen çärelere syn edýän Bütindünýä saglyk guramasynyň ýörite iş toparyny kabul etmäge taýýardygyny aýdandygy habar berilýär.

“Biz bu missiýany ýokary derejede kabul etmäge taýýar” diýip, neşir ministriň sözlerine salgylanyp aýdýar.

Türkmenistanyň saglyk ministri Nurmuhammet Annanepesow öz çykyşynda hökümetiň epidemiýa garşy ýörite komissiýa döredendigini belläp, daşary ýurtlardan gelen adamlaryň iki hepde ýörite hassahanalarda, karantin astynda saklanylýandygyny aýtdy, Aşgabatda we regionlarda näsaglary bejermek üçin ýörite saglyk merkezleriniň taýýarlandygyny habar berdi.

Türkmenistan “saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynda ähmiýetli üstünlikleri gazandy we öz gezeginde halkara jemgyýetçiligini pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek babatynda bilelikdäki hereketleriň durmuşa geçirilmegine çagyrýar” diýip, habarda aýdylýar.

Mundan başga, duşuşyga gatnaşanlaryň sözlerine salgylanyp, “takyk hem-de sazlaşykly syýasaty netijesinde” Türkmenistan ýurtda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almag başardy diýip hem nygtalýar.

Şu aralykda Aşgabat pandemiýa garşy göreşe goldaw bermäge bagyşlanan fleşmoba goşuldy diýip, türkmen hökümetine tarapdar “Orient” neşiri habar berýär.

8-nji maýda dünýäniň köp ýurdunda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý güni bellenilýär we bu ýyl, COVID-19 bilen baglylykda, pandemiýa garşy göreşiň öň hatarlarynda duran meýletinçilere we işgärlere ünsi jemlemek üçin, kampaniýanyň konsepsiýasyny üýtgetmek kararyna gelindi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň işgärleri hem, bu waka mynasybetli yglan edilen #ElçarpyşmalarMinnetdarlyklar (#KeepClapping) fleş toparyna goşuldy diýip, neşir ýazýar.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, bu hili çäreler eýýäm köp ýurtda guraldy we onuň çäginde karantin astynda ýaşaýan adamlar açyk penjirelerden we balkonlardan saglyk işgärlerini el çarpmak arkaly goldadylar.

“Orient” 8-nji maýda bu çäre türkmenistanlylaryň hem goşulandygyny, özleriniňAşgabatda bu çäräniň wideo ýazgy edilişine syn edip, adamlaryň arasyndaky fiziki aralygyň saklanylyşyna üns berendiklerini belleýär.


Ýogsa, neşiriň bellemegine görä,Türkmenistanda koronawirus bilen näsaglanlaryň ýoklugy sebäpli, muňa zerurlyk hem ýok. Ýöne muňa garamazdan, türkmen gyzylýarymaýçylary tarapyndan taýýarlanan wideorolik sosial ulgamlarda ýerleşdirildi diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda sebitde özünde resmi taýdan hasaba alnan koronawirus näsagynyň ýokdugyny aýdýan ýeke-täk ýurt bolup, başda resmi metbugat dünýäde müňlerçe adamy öldüren keseliň adyny aýtmakdan hem gaça durdy.

Şeýle-de Türkmenistan başda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda bitýän derman ösümlikler barada çap etdiren köp tomluk kitaplarynda aýdylan halk emlerine salgylanyp, ýokanç kesellere garşy esasan unaş, gyzyl burç, ýüzärlik, sazak püri we küli bilen göreşmek maslahatlaryny berdi.


Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti serhetleri ýapmak, halkara uçar gatnawlaryny ýatyrmak çärlerini hem gördi.

Şol bir wagtda ýurtda baýramçylyklar, köpçüligiň üýşmeginde geçirilýän dabaraly çäreler dowam etdirilýär.

Ekspertler ýurtda açyk-aýdyňlygyň, metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň bu keselden näsaglan adamlaryň ýokdugy barada aýdýan sözlerine şübheli garaýarlar.

XS
SM
MD
LG