Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nägilelikleriň artýan wagty, döwlet metbugaty prezidenti dini gymmatlyklar bilen ilteşdirip, wagyz edip başlady


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşyny belleýän wagty, Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri ony yslam dinine mahsus aňlatmalar we elementler bilen dabaralandyryp başlady.

Synçylar şeýle synanyşyklaryň prezidentiň şahsyýet kultunyň has-da ösdürilmegine goşant goşýandygyny aýdýarlar.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi web-saýty 29-njy iýunda, prezidentiň doglan güni, onuň haj lybasynda düşen suraty bilen bilelikde propaganda äheňli makala çap etdi. Onda döwlet baştutanynyň “liderlik ukyplary” mahabatlandyrylýar.

Döwlet media we metbugat serişdeleri prezidentiň milli däplerde “pygamber ýaş” atlandyrylýan 63 ýaşynyň dolmagyny dini gymmatlyklar bilen baglanyşdyryp wagyz edýär, onuň haj lybasynda mukaddes Käbede düşen suratyny köpçülige ýetirýär.

Prezident “pygamber ýaşyny” Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň onuň wezipeden çekilmegine çagyryş edip geçirýän protest mitingleriniň fonunda belleýär. Daşary ýurtlarda ýaşaýan onlarça türkmenistanly 26-njy iýunda Türkiýede we 28-nji iýunda ABŞ-da prezident Berdimuhamedowyň hökümetine garşy miting geçirdi.

Berdimuhamedow özüniň “pygamber ýaşyny” dogan-garyndaşlarynyň arasynda köpçülik bilen bilelikde bellejekdigini aýdyp, Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli 24-nji iýunda geçirilen parada-da gatnaşmady.

Berdimuhamedowyň milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýän “pygamber ýaşy” näme sebäpden jemgyýetçiligiň ünsüne çekilýär? Bu soraga türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 29-njy iýunda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Berdimuhamedow meselesinde aýdylanda, [pygamber ýaş] onuň öz şahsyýet kultuny dabaralandyrmak üçin, özüni halka görkezmek üçin bir sebäp diýip düşünýärin. Şol ýaş onuň üçin bir sebäp, bir bahana. Ol şol ýaşyň üsti bilen özüniň kimdigini, nähili beýikdigini, sadaka berip bilýändigini, haj zyýaratyny edendigini halka aýan etmeli, halka görkezmeli, halka propaganda etmeli. Ol şu zatlar üçin şondan peýdalanýar diýip düşünýärin” diýip, synçy aýtdy.

Näme üçin döwlet metbugaty prezidentiň doglan güni onuň metbugatda her gün çap edilýän suratyny bu sapar haj lybasynda hödürledi? Munuň aňyrsynda nähili sebäpleriň ýatan bolmagy mümkin?

“Indi [prezident] Hudaýyň, Allatagallanyň öýüne bardy, Hak tagalla zyýarat etdi diýip, şol derejesini görkezmek, onuň galan derejesi görkezildi, meselem “Türkmenistan, [hamala], gülläp ösýär”, “Altyn asyr”, “Ägirt gowy zamanda ýaşaýarys” – ol zatlaryň bary aýdyldy. Indi, şol diňe din ýoly galdy. Indi, onuň hatda Hudaýa-da barýandygy, Allanyň öýüne barýandygy, Allanyň öýüne golaýlaşýandygyny-da propaganda etmek ‘gerek’. Şol öňküleriň üstüne ‘goşmak gerek’. Ýene-de bir mertebe ‘prezidentiň abraýyny götermeli’, şony propagandirlemeli” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Ýurduň daşynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda Berdimuhamedowa garşy gurnalýan protest çäreleri ýygjamlaşýar. Eýsem, onuň suratynyň döwlet metbugat serişdelerinde haj lybasynda köpçülige ýetirilmegi prezidenti “aklamak”, “ony halal adam edip görkezmek” synanyşygymy. Synçy TDH-nyň propaganda äheňli makalasy barada gürrüňe dowam edip, şeýle diýdi:

“Berdimuhamedowa diňe bir ýetmeýän zat – ol hem abraý, şöhrat. Ondan başga ähli zat onda bar, onuň töweregindäkilerde-de bar. Oňa ýetmeýäni – halkyň iň beýik hormaty hem halkyň sylagy, şony gazanmak. Ýöne onuň bilen, megerem, gazanyp bilmese gerek diýip, pikir edýärin” diýip, synçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi 28-nji iýunda prezidenti agtyklary we ogly Serdar bilen görkezdi.

Aýdylmagyna görä, TDH-nyň prezidenti dini gymmatlyklar bilen ilteşdirip, wagyz edip başlamagy, krizisiň fonunda ýurt içinde din wekilleriniň aktiwleşip, olaryň halky köşeşdirmek üçin edýän wagyz-nesihat äheňli synanyşyklarynyň peýda bolýan wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG