Koronawirus alamatlary bolan näsaglaryň Lebabyň köpugurly keselhanasyna kabul edilmegi dowam etdirilýär. Azatlyk Radiosy bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk edarasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, COVID-19 boýunça testleri oňyn netije berýän adamlar köpelipdir.
"18-nji iýunda has köp hassa geldi. 19-njy iýuna geçilýän gije ýene 4 adam getirildi. Synaglarynyň netijesi oňyn. Olaryň arasynda ýene bir lukman işgäri bar. Ol poliklinikanyň lukmany" - diýip çeşmämiz aýtdy. Onuň sözlerine görä, COVID-19 Lebapdaky köp ugurly hassahananyň işgärleriniň arasynda hem tassyklandy.
Azatlyk çeşmeleriniň habar berşi ýaly 8-nji iýunda bu köp ugurly hassahanada anesteziolog şepagat uýasynda COVID-19 tapyldy. Şondan soň, ol maşgalasy bilen karantine salyndy, hassahananyň işgärleri yzygiderli barlanýar.
“Häzirki wagtda klinika işgärlerini yzygiderli barlagdan geçirýärler. Emma netijeleri aýdylmaýar. Keselhana 14 günlük karantinde, izolýasiýa edildi "- diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmelerinden biri 11-nji iýunda aýtdy.
Häzir Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň saglyk edaralarynyň işgärleri ýagdaýyň kontroldan çykandygyny aýdýarlar. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ilat arasynda öýken keselleri möwç alýar. Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler, lukmanlar bolsa pnewmoniýanyň ýaýramagynyň COVID-19 keselinden başga zat däldigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy 19-njy iýunda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bilen habarlaşyp bildi. Ministrlikde telefon jaňymyza jogap beren işgär, "resmi taýdan bizde koronawirus ýok" - diýdi. "A resmi däl taýdan ýagdaý nähili?", diýip beren sowalymyza: "Biz size beýle maglumatlary berip bilmeris" - diýip jogap berdiler.
Şu döwürde Türkmenistandaky hassahanalar ýokanç keselden goragy güýçlendirýärler, işgärler COVID-19-dan goramak üçin niýetlenen ýörite kostýumlarda işleýärler.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda COVID-19 keseli bilen täze kesellän adamlar barada habar berýärler.
19-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň Howdan etrapçasynda ýaşaýan tutuş bir maşgalanyň koronawirusyň tapylandygy sebäpli karantine salnandygyny habar berdi.
Birnäçe gün ozal garaşsyz turkmen.news neşiri Howdan etrapçasynda ýerleşýän Aşgabatdaky dokuzynjy hassahanada birnäçe lukmanda we şepagat uýasynda koronawirusyň tapylandygyny, wirus ýokaşan näsaglaryň hem bardygyny we olaryň hemmesiniň gözegçilik astynda saklanýandygyny habar berdi.
19-njy iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň käbir saglyk merkezleriniň karantine ýapylandygyny habar berdiler.
"Aşgabatdaky perinatal merkez, gullugyny gutaryp öýüne gaýdyp gelen esgerde koronawirusyň tapylanyndan soň karantine ýapyldy. Ol özüni gowy duýmadyr. Ýene bir adam ýanynda bardy. Ikisi-de Çoganlydaky hassahana karantine eltildi. Perinatal merkez gyssagly ýapyldy we işgärler we hassalar synagdan geçirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş saglyk işgärlerine salgylanyp habar berýär.
Habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtda ýerleşýän Perinatal merkez aýal kesellerini anyklamak we bejermek boýunça ýöriteleşdirilen keselhana bolsa-da, ol ilata dürli medisina hyzmatlary hödürleýär. Gowy enjamlaşdyrylan merkezde tölegli esasda saglyk barlagyndan geçip bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda býujet edaralaryň işgärleriniň köpçülikleýin saglyk barlaglary dowam edýär.
Mary welaýatyndaky habarçymyz döwlet işgärlerine hökmany saglyk barlagynyň geçirilişi barada habar berýär.
Hökmany lukmançylyk barlagy terapewt, diş lukmany, oftalmolog, otolaringolog, dermatowenerolog, aýallar üçin ginekolog, erkekler için urolog ýaly lukmanlaryň barlaglaryny öz içine alýar, şeýle hem gan barlagy, rentgen we organlaryň uzi barlagy, 35 ýaşdan uly her bir adam üçin EKG, 35 ýaşdan uly aýallar üçin mamogramma barlagy göz öňünde tutulýar. Barlaglar her kimiň öz hasabyna. Bahasy, kassa 40 manat we lukmanyň eline 10 manat tölemeli.
Nobatlar 100-den başlanyp, 200 adama ýetýär.
Mary welaýatyndaky habarçymyzyň sözlerine görä, döwlet işgärleri maliýe çykdajylary sebäpli, lukmanlar bolsa barlaga barýanlaryň aşa köpdügi sebäpli nägile bolýarlar. Lukmanlar bu şertlerde hassanyň saglyk ýagdaýyny barlamagyň örän ýüzleý görnüşde geçirilýändigini, sebäbi talap edilýän kagyzlary doldurmak işiniň örän köp wagt alýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.