Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hassahanalary keselden gorag çärelerini güýçlendirýär, adamlar 'näbelli' keselden ýogalýar


Türkmenistanyň keselhanasy (arhiw suraty)
Türkmenistanyň keselhanasy (arhiw suraty)

Türkmenistanyň hassahanalarynda ýokanç keselden gorag çäreler güýçlendirilýär. Paýtagtyň keselhanalarynyň işgärleri gorag geýimlerinde işleýärler. Gorag geýimleri ulanmak düzgüni welaýatlarda hem girizilýär. Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň habarçylary, Türkmenistanda COVID-19 keseli bilen kesellänlere degişli täze ýagdaýlaryň jikme-jikliklerini, şol sanda adamlaryň ýogalmagyna degişli ýagdaýlary anyklady.

"Çoganlynyň ýokanç keseller hassahanasynda ozal ýokaşan we şol bir keselhanada izolýasiýada saklanan iki reanimasiýa lukmany duşenbe ýa-da sişenbe güni öldi" -diýip Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Mundan başga-da, Azatlyga mälim bolşuna görä, 10 gün ozal ozalky ady "Kuwwat" häzirki ady “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň öňki başlygy aradan çykypdyr. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bu öňki resmi 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda agzalan gurama ýolbaşçylyk edipdir. Häzir onuň öýi möhürlenipdir we maşgalasy karantine äkidilipdir, ýöne takyk nirededigi belli däl.

Azatlyk koronawirusdan ölen öňki resminiň adyny we bolup geçen wakalaryň käbir jikme-jikliklerini çap etmekden saklanýar.

COVID-19 keselinden lukmanlaryň we näsaglaryň ölümi baradaky habarlar ilatyň arasynda ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagynyň fonunda gelýär. Saglygy goraýyş işgärleri pnewmoniýanyň ýaýramagy barada hiç hili düşündiriş bermeýärler, emma lukmanlar munuň COVID-19 dygyny aýdýarlar. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasynda düýpli çäreler görülýär.

“Işgärler gorag kostýumlarynda işleýärler, ýöne aýratyn bir zona bar, beýleki işgärler onuň lukmanlary we şepagat uýalary bilen habarlaşyp bilmeýärler. Keselhananyň naharhana bölüminiň işgärlerine öýlerine gitmäge rugsat berilýär "- diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 18-nji iýunda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki ýagdaý lukmanlaryň özlerinde-de aladalanma döredýär.

Lukmanlar ýakynlaryna öýden çykmazlygy we aragatnaşykdan gaça durmagy maslahat berýärler. Emma käbir ýagdaýlarda hatda lukmanlaryň özleri-de lukmanlardan medisina kömegini sorap ýüzlenmekden saklanmagy makul bilýärler.

Azatlygyň habarçysy "tiz kömek lukmanlary öz garyndaşlaryna tiz kömegi çagyranda gyzgynyň bardygyny habar bermekden saklanmagy maslahat berýärler" -diýdi.

COVID-19 keseli sebäpli heläkçilikli ýagdaýlar barada Türkmenistanyň beýleki regionlaryndan hem habar gelýär. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşoguzdaky karantin lagerinde azyndan 8 adam ölüpdir.

“Karantin lageri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde 8 adam öldi. Şertler gaty ýaramaz"diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji iýunda aýtdy.

Mary welaýatynyň hassahanalarynda-da çäklendirmeler girizildi we dezinfeksiýa çäreleri güýçlendirildi.

“Häzirki wagtda Mary welaýatynyň ähli hassahanalarynda dezinfeksiýa güýçlendirildi. Munuň sebäbi belli däl. Antiseptik hökmünde dezinfeksiýa etmek üçin hassahanalaryň girelgesine gelýänleriň ellerine hlorly suw sepilýär "- diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýerli hassahanalaryň işgärlerinden gorag eşigini satyn almak üçin pul ýygnaýarlar. Goşantlaryň mukdary ortaça 160 manada barabar. (45,7 dollar).

Mundan başga-da, ilata ýerli suw howdanlarda suwa düşmek gadagan edilýär. Bu barada Saglyk öýleriniň işgärleri, öýme-öý aýlanyp, ilata düşündiriş berýärler. Olar bu ýagdaýy ýokanç keseliň ýaýramagy bilen düşündirýärler, diňe gaýnadylan suw içmegi maslahat berýärler, ýöne koronawirusy agzalmaýarlar. Mundan daşary, Mary welaýatynyň döwlet edaralarynyň işgärlerine lukmançylyk barlagyndan geçmek tabşyryldy.

XS
SM
MD
LG