Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derman serişdeleriniň barlaglary 'halasgärlik gudratyny' görkezdi, BSG wirus bejergisiniň gollanmalaryny täzeleýär


Tedros Adhanom Ghebreyesus
Tedros Adhanom Ghebreyesus

Synagdan görünmegine görä, deksametazon diňe wentilýatoryň, ýagny şemalladyjynyň kömegi bilen dem alyp bilýän näsaglaryň arasyndaky ölümi 35% azaldan bolsa, kislorod alýanlaryň arasyndaky ölüm derejesini bäşden bire çenli kemeltdi.

Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) adaty, arzan steroidiň agyr keselli hassalary halas edip biljekdigini görkezýän kliniki synagyň netijelerinden soň, koronawirus näsaglaryny bejermek boýunça gollanmalaryny täzelemäge çalyşýandygyny aýtdy.

Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary tarapyndan 16-njy iýunda yglan edilen synag netijeleri artrit ýaly kesellerde ýellenmegi azaltmak üçin 1960-njy ýyllardan bäri ulanylýan deksametazonyň 2 müňden gowrak agyr hassanyň ölüm howpuny üçden bire çenli azalýandygyny görkezdi.

"Bu COVID-19 näsaglarynda kislorod ýa-da howa çalşygy goldawyny talap edýän hassalaryň ölüm ähtimallygyny azaltmak netijeleri bolan ilkinji bejergidir" diýip, BSG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Ghebreyesus 16-njy iýunda giçlik eden çykyşynda aýtdy.

"Bütindünýä saglyk guramasy bu gatyşma baradaky umumy düşünjesini ýokarlandyrmak üçin meta-derňewi utgaşdyrar. BSG-nyň kliniki gollanmasy derman serişdeleriniň COVID-19-da nädip we haçan ulanylmalydygyny görkezmek üçin täzelener" diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.

Saglyk hünärmenlerini täze koronawirus sebäpli ýüze çykýan COVID-19 näsaglygynyň ähli tapgyrlaryny nädip barlamalydygy bilen habarly etmek arkaly, BSG-nyň kliniki gollanmalary iň täze maglumatlaryň ulanmagyny ýola goýmaga çalyşýar.

Synagdan görünmegine görä, deksametazon diňe wentilýatoryň, ýagny şemalladyjynyň kömegi bilen dem alyp bilýän näsaglaryň arasyndaky ölümi 35% azaldan bolsa, kislorod alýanlaryň arasyndaky ölüm derejesini bäşden bire çenli kemeltdi.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri deslapky bolsa-da, ylmy-barlagçylar bu dermanyň agyr ýagdaýlarda derrew standart bejeriş emine öwrülendigini öňe sürýärler.

Onuň peýdasy diňe COVID-19 bilen kesellän agyr hassalar bejerilende göründi we ýagdaýlary has ýeňil bolan näsaglarda görülmedi.

Şeýle-de, bu dermanyň aşa kän COVID-19 hassasy bolan garyp ýurtlarda uly kömek berip biljekdigi aýdylýar.

Bu ylmy-barlag işleri Angliýadaky hökümete degişli saglyk edaralary we, Bill hem-de Melinda Geýts gaznasy ýaly, hususy donorlar tarapyndan maliýeleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG