Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

8-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Resmi metbugat prezidentiň welaýatda galla oragynyň alnyp barlyşy bilen hem-de durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.​

Apreliň ahyrynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan hem-de heläkçilikli netijelere ýol açan güýçli tupandan soň, prezident Berdimuhamedow sebite ilkinji gezek sapar edýär.

8-nji iýunda irden Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi we ýerlerdäki habarçylary şu hepde Berdimuhamedowyň ýurduň käbir welaýatlaryna sapar etmegi meýilleşdirýändigini hem-de iş saparlarynyň dowamynda birnäçe etraby we döwlet kärhanalaryny birleşdirmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi.

Göz öňünde tutulýan saparlaryň Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryna amala aşyrylmagyna, etraplary birleşdirmek işleriniň bolsa ähli welaýatlarda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

“Onuň [prezidentiň] bu hepde Balkana we Lebaba sapar etmegine garaşylýar. Plana görä, ol iş saparlarynyň netijesinde käbir etraplary we döwlet kärhanalaryny birleşdirer. Şeýlelikde, müňlerçe iş orunlary azaldylar. Bu hepde onuň Mary welaýatyna-da sapar edip ýetişmegi mümkin. Etraplary birleşdirmek işleri ähli welaýatlarda amala aşyrylar. Hususan-da Mary welaýatynda etraplaryň sanynyň ep-esli azaldylmagyna garaşylýar. Ol ýerde 11 etrapdan 8 etrap galmagy mümkin” diýip, çeşme 8-nji iýunda irden habar berdi.

Baýramalydaky habarçymyz täze üýtgeşmeler boýunça Mary welaýatynda garaşylýan çäreler barada sebitden habar berdi:

“Mary welaýatynda etraplaryň birikdirilmegine garaşylýar. Olaryň sanynyň takmynan 5-6 etraba düşüriljekdigi aýdylýar. Bu bolsa köp edaralaryň birikdirilip, edaralaryň ýapyljagyny aňladýar. Köp adama işini ýitirmek howpy abanýar” diýip, baýramalyly habarçymyz ýerli administrasiýalardaky çeşmelerine salgylanyp, 8-nji iýunda sebitden habar berdi.

Lebapdaky habarçymyz hem welaýat administrasiýasyndaky çeşmesine salgylanyp bu maglumatlary tassyklady:

“Lebapda käbir etraplaryň we daýhan birleşikleriň atlarynyň üýtgediljekdigi, Amyderýa we Dänew ýaly käbir etraplarda üýtgeşmeleriň boljakdygy aýdylýar” diýip, ol sebitden habar berdi.

Baýramalydaky habarçymyz Oguzhan etrabynyň Sakarçäge etraby bilen, Baýramalynyň bolsa Garagum etraby bilen birleşdiriljekdiginiň aýdylýandygyny, Mary etrabynyň aýrylyp, onuň şähere birikdirilmeginiň mümkindigini öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Ol prezidentiň garaşylýan saparynyň öňýany, Maryda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini, sebite paýtagtdan goşmaça güýç gulluklarynyň getirilendigini habar berdi.

Habarçylarymyz hususan-da ady agzalýan etraplarda boljak üýtgeşmeleri ýerli dolandyryş edaralaryndaky beýleki çeşmelerine tassykladyp bilmediler.

8-nji iýunda günortan çagy bu maglumat efir üçin taýýarlanýan wagty, Lebapdaky habarçymyz prezidentiň dikuçarynyň Lebaba getirilendigini habar berdi. “Türkmenabatda adatdan daşary howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Hökümete ýakyn çeşme etraplary we döwlet kärhanalaryny birikdirmek çärelerini prezidentiň ykdysady çökgünlikden baş alyp çykmak synanyşyklary hökmünde düşündirýär:

“Ministrler Kabinetinde we welaýat administrasiýalarynda hemmeler munuň nähili netijelere getirip biljekdigi barada alada edýärler. Geçen anna güni geçirilen soňky ýygnakda prezident ykdysadyýetiň kynçylyklaryny yşarat bilen-de bolsa, boýun almaly boldy. Onuň ykdysady görkezijileriň pese gaçandygy we krizisden öňki görkezijileriň gazanylmalydygy barada aýdanlary “görülýän çäreleriň zerurdygy” boýunça ilata berlen yşarat boldy. Ýöne iň möhümi, ol krizsiň haçan başlanandygyny agzamady. Şeýle-de, ol aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly meseleleri çözmegi tabşyrdy. Ol adamlaryň arasynda nägileligiň ýokarlanýandygyny bilýär we özüni problemalardan ýaňy habardar bolan ýaly edip görkezýär. Ol welaýatlarda etraplaryň we döwlet kärhanalarynyň birleşdirilmegine halky taýýarlamak isledi we munuň netijesinde müňlerçe iş orunlarynyň kemeldilmegi häzirki ýagdaýa ýeke-täk çykalgadyr” diýip, hökümete ýakyn ynamdar çeşme gizlinlik şertinde habar berdi.

Baýramalydaky habarçymyz regionda ykdysady şertleriň agyrlaşandygyny, ilatyň öz aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmakda, elýeterli iýmit önümlerini satyn almakda agyr kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berdi.

“Adamlar näme bolarka diýip garaşýarlar” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pese gaçandygyny boýun aldy:

“Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, umuman, ýurdumyzyň ykdysady görkezijileri hem peselýär” diýip, ol aýtdy we çökgünlikden baş alyp çykmak üçin orunbasarlaryna bir ýyllyk ýörite maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy:

“Bu maksatnamada esasy wezipe çökgünlik ýagdaýyndan has depginli çykmagy hem-de çökgünlikden ozalky görkezijileri gazanmagy üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, prezident aýtdy.

Şeýle-de ol döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak işlerini çaltlandyryp, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi hem-de zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň ýüze çykýan ýagdaýlaryny berk gözegçilikde saklamagy orunbasarlaryna tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG