Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bütindünýä welosiped gününi belleýär


Türkmenistan koronawirus hassalarynyň hasaba alynmandygyny aýdan dünýädäki birnäçe döwletiň biridir.
Türkmenistan koronawirus hassalarynyň hasaba alynmandygyny aýdan dünýädäki birnäçe döwletiň biridir.

Türkmenistanda, dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň arasynda, müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni bellenildi.

Türkmenistan koronawirus hassalarynyň hasaba alynmandygyny aýdan dünýädäki birnäçe döwletiň biridir. Ýurtda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adamlaryň arasyndaky sosial aralyk berjaý edilmän, köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär.

Resmi maglumata görä, 3-nji iýunda 7 müň 500 adamyň gatnaşmagynda welosiped ýörişi, şeýle-de munuň bilen baglylykda ýurduň beýleki künjeklerinde hem dabaraly çäreler geçirilipdir.

Mundan başgada, ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 30 metrlik welosipediň heýkeli açylypdyr.

2018-nji ýylda her ýylyň 3-nji iýuny Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynda “Bütindünýä welosiped güni” yglan edildi.

XS
SM
MD
LG