Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýatlary Stambuldaky konsullygyň öňünde prezidentiň işden gitmegine çagyrdylar


Stambul, 29-njy maý. 2020.
Stambul, 29-njy maý. 2020.

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň bir topary 29-njy maýda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde, "Ýok bolsun Haramdag" şygary astynda, nobatdaky protest aksiýasyny geçirdi.

Sosial mediada çap edilen wideoda onlarça türkmenistanlynyň türkmen häkimiýetlerine, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy şygarlara gygyryşy, ýurtda emele gelen agyr ykdysady şertlerden nägilelik bildirişleri görünýär.

Protestçiler häkimiýet wekilleriniň öňlerini almak üçin eden synanyşyklaryna gaýtawul berip, özleriniň geçip gitjekdiklerini aýtdylar.

Şeýle-de, gysga wideoda çärä gatnaşyjylaryň “Islämizok, Gurbanguly, ýok bol”, “Ynsanlary bitirdi, güm bol, diktator, Owganystanyň halkyna kömek edýär, öz halkyny doýursyn” diýen sözleri eşidilýär.

Nobatdaky protest çäresi Lebapda we Maryda gopan güýçli harasatyň bir aýlygynyň yz ýanyndan guraldy.

Mundan öňki protest çäresi Stambulda 15-nji maýda geçirildi. Şeýle-de, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary Demirgazyk Kiprde 11-nji we 20-nji maýda türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan syýasatyna garşy protest geçirip, prezidentiň işden çekilmegine çagyrdylar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýolbaşçylary barha çuňlaşýan korrupsiýada, raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni hukuklaryny yzygiderli basgylamakda, söz, metbugat, ýygnanyşyk, bileleşmek azatlyklaryna ýol bermezlikde aýyplaýarlar.

Resmi Aşgabat bu aýyplamalara açyk reaksiýa bildirmeýär.

XS
SM
MD
LG