Human Rights Watch (HRW) guramasy Türkmenistanda erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkekleriň türmä basylmagynyň dowam edýändigini aýdyp, Aşgabatda gomeseksuallykda aýyplanyp tussag edilen belli şoumen ýigidiň we başga-da birnäçe adamyň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada beýanat ýaýratdy.
"Sebitdäki garaşsyz habar beriş serişdeleri mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanda belli şoumeniň we onuň bilen bilelikde ýurduň şou-biznes pudagyndaky ady belli şahsyýetleriň tussag edilendigini habar berdi. Olaryň käbirleri tussaglykdan çykmagy başardy. 7-nji maýda türkmen sudy şoumeni we başga-da birnäçe adamy jynsy gatnaşyklar bilen baglanyşykly iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi" diýip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 26-njy maýda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Ýatlatsak, aprel aýynyň ortalarynda Turkmen.news neşiri Aşgabatda belli şoumen ýigidiň, gomeseksuallykda aýyplanyp, tussag edilendigini habar beripdi. Şonda neşir adynyň we familiýasynyň diňe baş harplary bilen tanyşdyrylan bu ýigit bilen bagly wakanyň martyň ortalarynda ýüze çykandygyny we bu maglumaty özüniň ençeme çeşmesine tassyklatmagy başarandygyny aýdypdy.
HRW guramasy Türkmenistanyň erkekleriň arasynda jynsy gatnaşyklary gadagan edýän dünýädäki 69 ýurtdan biridigine ünsi çekýär.
"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy jynsy gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli we bu gaýtalansa, 5 ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny bozýan we aç-açan kemsidiji bu kanun, polisiýa geý we biseksual erkeklere azar bermäge, şol sanda talamaga, kemsitmäge we hyýanatçylykly peýdalanmaga mümkinçilik berýär" diýip, gurama ýazýar.
Şeýle-de, gurama özüniň 2013-nji ýylda Türkmenistanda bolup geçen wakany dokumentleşdirendigini, şonda lukmançylyk işgärleriniň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edip, gomoseksual hereketde aýyplanýan 18 ýaşly adamy "anal" synagdan geçirendigini aýdýar.
"Şeýle synaglaryň hiç hili lukmançylyk esasy ýok, bular rehimsiz, adamkärçiliksiz we mertebäni kemsidýän çemeleşme bolup, gynamalara sebäp bolup biler. Bular Gynamalara garşy konwensiýany hem-de Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamany bozýarlar. Türkmenistan bularyň ikisini hem ratifisirledi" diýip, gurama belleýär.
Aýdylmagyna görä, 2017-nji ýylda BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi bir jynslylaryň arasynda özara ylalaşykly hereketleriň jenaýatlaşdyrylmagyny "esassyz" diýip yglan etdi we türkmen hökümetini bu karary ýatyrmaga çagyrdy.
"Türkmen hökümeti bu kanunlara laýyklykda iş kesilen adamlara garşy bildirilýän ähli aýyplamalary derrew ýatyrmaly we olary boşatmaly" diýip, HRW guramasy aýdýar.
Şeýle-de gurama Türkmenistany jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasyny ýatyrmaga we adamlary jynsy ugra esaslanýan zorlukdan hem-de diskriminasiýadan goramaga çagyrýar.
Türkmenistan halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan LGBT wekilleriniň, şol sanda gomoseksuallaryň hukuklaryny bozmakda tankyt edilýär. Türkmenistanda gomoseksuallykda şübhelenýänleriň hukuk goraýjy organlar tarapyndan basyşlara we gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlar bar.
2019-njy ýylyň oktýabrynda 24 ýaşly wraç-kardiolog Kasymberdi Garaýew Azatlyga interwýu berip, özüniň jynsy ugry sebäpli duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň beripdi. Munuň yzýany ol polisiýanyň edarasyna çagyryldy we ýitirim boldy. Halkara hukuk toparlarynyň we syýasatçylaryň kampaniýalaryndan soň, Kasymberdiniň öýündedigini tassyklatmak başardypdy.
Bu wakadan soň, türkmen resmileri medisina işgärleriniň arasyndan LGBT wekillerini “aýan etmek” boýunça kampaniýa hem geçirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.