Hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan Türkmenistanyň daşary ýurtlardan öz şertlerinde öndürip bolýan azyk önümlerini hem satyn almagy dowam etdirýändigini habar berýär.
Rus metbugatyna salgylanyp berlen habara görä, Orsýetiň Dagystan respublikasy ýyl başyndan bäri Türkmenistana azyklyk kartoşkanyň 4 277 tonnasyny eksport etdi.
Şeýle-de neşir, ýerini anyklaşdyrmazdan, Dagystanyň 2020-nji ýylyň başyndan bäri 32,443 tonna kartoşka eksport edendigini belleýär.
Şu aralykda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan satyn alýan demir önümleriniň hem mukdaryny köpeldendigi belli boldy.
“Trend” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dört aýynda ýanwar aýynda Türkiýeden 136,84% kän polat import etdi.
Habar agentliginiň Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, satyn alnan poladyň bahasy 48,410 million dollar boldy.
Şeýle-de Türkmenistan, özündäki sement zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylýandygy baradaky habarlara garamazdan, daşary ýurtlardan sement satyn almagyny artdyrýar.
2020-nji ýylyň üç aýynda Aşgabat Ankaradan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,4 esse kän sement satyn aldy diýip, habarda aýdylýar.