ABŞ Senaty 14-nji maýda prezident Donald Trampyň administrasiýasyny Hytaýdaky uýgur azlyklaryna edilýän sütem sebäpli Hytaýa garşy sanksiýa girizmäge çagyrýan kanun taslamasyny tassyklady.
Iki partiýaly kanun taslamasy ahyr netijede Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýaşaýan uýgurlara, musulmanlara garşy edilýän repressiýalara gaýtawul üçin Hytaýyň ýokary derejeli resmilerine garşy sanksiýa girizilmegine ýol açar we adam hukuklaryny basyp ýatyrmakda ulanylýan önümleriň käbirne belli bir eksport çäklendirmelerini girizer.
Indi bu dokument köpçüligi demokratlardan ybarat bolan Wekiller öýüne hödürlener. Eger-de bu ýerde tassyklanylsa, ol prezident Trampa gol çekmek üçin iberiler.
Birleşen Milletler Guramasy we adam hukuklary toparlary Pekini bir million töweregi uýgur, gazak, gyrgyz we beýleki ýerli türk dilli etniki toparlary Sinjiaňdaky konslagerlere ibermekde aýyplaýar.
Pekin köpçülikleýin tussag edilmeler baradaky aýyplamalary ret edýär we bu edaralaryň hünärmenleri taýýarlamak üçin döredilendigini öňe sürýär. Pekin ozal Sinjiýaňdaky adam hukuklary ýagdaýy bilen baglanyşykly islendik çäre üçin Birleşen Ştatlardan ar aljakdygyny wada berdi. Pekiniň pikiriçe, bu içerki işlere gatyşmak hasaplanýar.