Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýmit önümleriniň we arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiliginden ejir çekýän esgerlere hossarlary howandarlyk edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar, şol sanda azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy we olaryň hususy söwdadaky gymmatçylygy dowam edýän mahaly, milli goşunda gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri harby bölümlerde iýmit önümleriniň hem-de arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiliginden kösenýär. Watan gullukçylarynyň “dadyna” ene-atalary ýetişýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan esger hossarlarynyň sözlerine görä, ene-atalar harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän ogullaryna üpjünçilik taýdan ýardam bermeli bolýarlar.

Ogly başga welaýatda gulluk edýän aşgabatly bir esger hossary habarçymyza beren gürrüňinde oňa her hepde otly prowodniklerine 20 manat töläp, olaryň üsti bilen esger ogullaryna “posylka” ugradýandygyny habar berdi.

Esger hossarlarynyň sözlerine görä, prowodnikler ugradylan iýmit önümlerini harby bölümiň komandirine eltip berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ene-atalar esger ogullarynyň harby bölümlerdäki üpjünçiligiň ýagdaýy bilen baglylykda soňky wagtlarda ýygjamladan yzygiderli mätäçligini gidermäge mejbur bolýarlar.

“Indi ol (esger) her hepde jaň etmäge endik edipdir. Bir görseň ol gerek, bir görseň bu gerek. Ogullary gulluk edýän wagty, olara boýun bolaýmak galýar. Başga çykalga ýok” diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçy esger ýakynlarynyň sözlerine salgylanyp, harby bölümleriň üpjünçilik ýagdaýy barada maglumat berdi:

“Harby bölümlerde zerur iýmit önümleriniň we arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli esgerler gullukda agyr şertlere duçar bolýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýöne esger hossarlary diňe öz ogullarynyň üpjünçiligi bilen däl, eýsem, olaryň harby serkerdeleriniň, galyberse-de, öňden bäri gulluk edýän esgerleriň mätäçliklerini hem gidermäge mejbur bolýarlar.

“Öňden bäri gulluk edýän harbylar ýaş esgerleri ene-atalaryndan pul we iýmit goýbermegi soramaga mejbur edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ýaş esgerleriň hossarlary olaryň bölüm serkerdeleriniň hem-de batalýon komandirleriniň mobil telefon belgilerine pul geçirmäge mejbur edilýärler.

“Telefondaky puly prosent bilen nagtlaşdyrmak mümkin” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Bu nagt ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistanda döwlet işgärleriniň, şol sanda býujetden aýlyk alýan raýatlaryň pul nagtlaşdyrmak üçin baş goşýan “çykalgalaryna” ilkinji mysal däl.

Ýatlasak, martyň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň bir orta mekdebinde mugallymlaryň okuwçylary sapak wagty öňi nobatly döwlet dükanlaryna bank kartlarynyň üsti bilen azyk satyn almaga iberýändigini, soňra satyn alnan harytlaryň belli bir bölegini nagt pula satmak arkaly kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrýandyklaryny habar beripdi.

Azatlygyň habarçysy harby bölümlerdäki üpjünçiligiň ýagdaýyna degişli goşmaça maglumat berdi:

“Sabyn, şampun, diş pastalary, gök-bakja önümleri, miweler we beýlekileriň ählisi gymmatlaýar” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanyň milli goşunynda maddy üpjünçiligiň ýagdaýy, esgerleriň arasyndaky “agalyk medeniýeti”, esgerleriň kemsidilmegi ýaly problemalar hem-de bu problemalaryň netijesinde wagtal-wagtal ýüze çykýan öwezini dolup bolmajak ýitgiler, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, häli-şindi dowam edýär. Ýöne häkimiýetler bu meseleleri döwlet media we metbugat serişdelerinde teswirlemeýärler.

14-nji martda Türkmenistanda gulluk möhletini tamamlan esgerleri çagyryş boýunça harby gullukdan boşatmak hem-de nobatdaky çagyryş möwsümi bat aldy.

Ýurtda harby gulluga çagyryş 1-nji aprel – 30-njy iýun aralygynda hem-de 1-nji oktýabr – 31-nji dekabr aralygynda ýylda iki gezek amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň “Harby gulluk we harby borçlulyk hakyndaky” kanunyna laýyklykda, harby gulluga 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG