Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oksfam: Dünýäniň iň baý 22 erkeginiň baýlygy Afrikadaky ähli aýalyň baýlygyndan kän


"Oxfamyň" kitap dükanynyň logosy
"Oxfamyň" kitap dükanynyň logosy

Geçen onýyllykda milliarderleriň sanynyň iki esse artmagy bilen, “seksist ykdysadyýetler” girdejilerdäki global deňsizligi barha beter çuňlaşdyrýar diýip, halkara sahawatlylyk guramasy Oksfam (Oxfam) 19-njy ýanwarda, Şweýsariýada geçiriljek Bütindünýä Ykdysady forumynyň öňünden çap edilen hasabatynda aýtdy.

“Time To Care”, ýagny “Alada etmegiň wagty” diýlip atlandyrlan hasabatda 2153 milliarderiň dünýä ilatynyň 60% prosentini düzýän 4,6 milliard adamyň eýeleýän baýlygyndan hem kän baýlyga eýedigi aýdylýar.

Şu aralykda, aýallar we gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän tölegsiz ýa az hak tölenen iş dünýä ykdysadyýetine her ýylda öwgüli tehnologiýa senagatyna garanda üç esseden hem kän goşant goşýar diýip, Oksfam aýtdy.

Olaryň her günde ýerine ýetirýän tölegsiz 12,5 milliard sagatlyk esewançylyk işleri her ýylda azyndan 10,8 trillion dollar pula durýar diýlip hasap edilýär.

Toparyň hasaplamalaryna görä, dünýäniň iň baý 22 erkeginiň baýlygy Afrikadaky ähli aýalyň baýlygyndan köp bolup durýar.

XS
SM
MD
LG