"Mary welaýatynda kim zagran pasportyna çalaja sakgally surata düşen bolsa olary graždan geýimindäki howpsuzlyk işgärleri soraga çekýär" diýip, habarçy aýtdy.
Ol howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilen ýerli ýaşaýjylaryň tejribelerine salgylanýar.
Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy, erkek adam Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň “biometriki pasportyndaky” çala ösgün sakgaly üçin raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan golaýda soraga çekilendigini gürrüň berdi.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde çykyş eden maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, howpsuzlyk işgäri pasportyndaky suraty çala ösgün sakgally raýaty onuň degişli bolan Jaý müdirliginiň binasynda soraga çekipdir.
Türkmenistanda howpsuzlyk gulluklary sakgally raýatlara yslam dininiň kadalaryna eýerýän adamlar hökmünde çemeleşýär.
Pasportyndaky suraty çala ösgün sakgally maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, onuň bilen Howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolýar.
Howpsuzlyk işgäri: Namaz okaýaňmy?
Suraty çala ösgün sakgally raýat: Hawa
- Haýsy dini kitaplary okaýarsyň?
- Kitap okamok
- Diskde wagyz diňleýärmiň?
- Hawa
- Onda ertir şol diňleýän wagyz diskleriňi biziň edaramyza alyp gel!
- Bor
Pasportyndaky suraty çala ösgün sakgally raýatyň sözlerine görä, ol ertesi güni özüniň diňleýän wagyz disklerini Milli howpsuzlyk ministrliginiň Mary şäher bölüminiň edarasyna alyp barýar, ony şol ýerde howpsuzlyk işgärleri surata düşürip hasaba alýarlar.
Habarçynyň maglumatyna görä, maryly raýat howpsuzlyk işgärlerine özüniň Russiýa gitmek isleýändigini gürrüň berýär, howpsuzlyk işgärleri oňa hiç bir ýurda çykmaga rugsat berilmejekdigini duýdurýar.
“Zagran pasporta surata düşenimde hiç kim menden sakgalymy syryp surata düşmegi talap etmedi, ‘bilen bolsam namaz okamok’ diýerdim. Mundan beýläk meni şu ýurtdan hiç ýere çykarmaýarlar” diýip, pasportyndaky suraty çala ösgün sakgally raýat Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde zeýrendi.
Türkmenistanda häkimiýetler diniň kadalaryny berjaý edýän raýatlary yzarlamak, olary gorkuzmak ýaly işlere baş goşýarlar.
Ýurtda raýatlaryň din-wyždan azatlygynyň çäklendirilmegi tankyt edilýär. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti geçen hepde Türkmenistany din azatlygyny çäklendirmekde “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna goşdy.
Türkmenistan mundan ozal 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan degişli sanawa girizildi.
Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurtda dine uýmagyň erkinligini kepillendirýär. Ýöne halkara hukuk toparlary Türkmenistanda din-wyždan azatlygynyň ýiti kemsidilmegini köpýyllyklaryň dowamynda tankytlap gelýär.
Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri ýurtda güýç edaralarynyň wekilleriniň dine uýýan raýatlara garşy basyş edýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.