Türkmenistanyň tebigy gaz ýollaryny dürlüleşdirmek tagallalarynyň öňünden ýene bir mesele, satyljak gazyň bahasyny pesetmek talaby keserip çykýar.
Pakistan türkmen gazynyň satyn alyş nyrhlaryny peseltmek üçin TAPI Pipeline Company Ltd (TPCL) kompaniýasy bilen söwdalaşjakdygyny aýdýar, bu barada Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri habar berýär.
“Biz TOPH gaz geçirijisi arkaly geljek gazyň has bäsleşige ukyply nyrhlarda satylmagyny gazanmakçy bolýarys. TPCL bilen bahalara gaýtadan seretmek baradaky gepleşikler geçirijiniň Pakistandaky böleginiň gurluşygyna başlanmazdan öň geçiriler” diýip, Pakistanyň nebit pudagynda işleýän ady aýdylmadyk resmi birinji gün APP neşirine aýtdy.
Şeýle-de ol Pakistanyň TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny 30 aýda tamamlajakdygyna ynam bildirdi. Bu döwürde gaz geçirmek üçin Çamandan Kwettanyň we Deral Ysmaýyl hanyň üsti bilen bahasy 5-6 mlrd dollar bolan geçiriji gurlar. Gurluşygyň ikinji tapgyrynda umumy bahasy 2 mlrd dollara golaý gaz iberiş stansiýalary işe giriziler.
1680 kilometr aralyga çekiljek gaz geçirijisiniň 2002-nji ýylda Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Pakistan-Hindistan serhedine çenli her günde3.2 mlrd kub metr gaz geçirjekdigi aýdylýar.
TOPH ylalaşygyna görä, bu geçiriji arkaly Pakistan bilen Hindistaynyň hersi 1.325 mlrd kub metr gaz alsa, Owganystanda 0.5 mlrd kub metr gaz almaly. Resmi agza döwletleriň hökümetara ylalaşyklaryna we gaz geçirijiniň çarçuwalaýyn ylalaşygyna 2010-njy ýylyp 11-nji dekabrynda gol çekendiklerini aýtdy.
Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz ýurdunyň çägindäki geçiriji gurluşygyny eýýäm tamamlandygyny, Owganystanyň bolsa geçen ýyl bu işe badalga berendigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy soňky hepde TOPH geçirijisiniň Türkmenistandaky gurluşygynyň dowam etdirilýändigini habar berdi. Bellemeli ýeri, ozal Türkmenistanyň TOPH-yň öz çägindäki gurluşygyny tamamlandygy habar berlipdi we soňra ýurduň bu gurluşyk üçin turba satyn alýandygy hakynda maglumatlar çykdy.
Synçylar TOPH geçirijisiniň öňünde esasan howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdýarlar. Emma soňky döwürde Türkmenistanyň satjak gazynyň bahasy hakynda hem ylalaşmazlyklar eşidilip başlandy.
Mysal üçin, bir aý ozal Hindistan hem türkmen gazyny satyn almak pikirini üýtgetmek haýbatyny atdy. Has anygy, hindi resmileri türkmen gazynyň her müň kub metrini, şertnamada bellenişi ýaly, 350 dollardan satyn almak islemeýärler.
Hindi ekspertleriniň teklibine görä, eger-de Aşgabat türkmen gazynyň her müň kub metrini 140 dollardan satmaga razy bolsa, bu Hindistan üçin amatly boljak.
Şol bir wagtda, Pakistan Türkmenistanyň Owganystanda döräp biljek garaşylmadyk ýagdaýlaryň, mysal üçin, terror çäreleri netijesinde, türkmen gazynyň gijikmeginiň harajatlaryny hem öz üstüne almagyny isleýär.
Mundan başga, eýýäm Türkmenistanda we Owganystanda gurluşygy alnyp barylýan TOPH geçirijisiniň maliýe kynçylyklary hem çözülmedige meňzeýär.Owganystanyň ykdysadyýet ministri Mustafa Masturyň oktýabr aýynyň başynda aýtmagyna görä, TOPH gurluşygy üçin häzirki pursatda 9-12 mlrd dollar möçberinde serişde zerur.
Mundan öň bu serişdäni Türkmenistan öz boýnuna alypdy, emma ykdysady kynçylyklar zerarly, maýa ýatyrmaga “gyzyklanmasyny ýitirdi” diýip, owgan resmisi aýtdy.
Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň iň esasy girdejili ugrunyň - nebit-gaz pudagynyň işinden nägileledigini, ýangyç öndürmek planlarynyň ýerine ýetirilmeýändigini boýun aldy.