Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda TOPH taslamasynyň gözleg-barlag işleri ýerine ýetirilende korrupsiýa ýol berlendigi aýdylýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Pakistanyň Nebit ministrliginiň binýadyndaky “Inter State Gas Systems” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň TOPH taslamasynyň Pakistan böleginiň çekiljek ugrunyň gözleg-barlag işleri bilen bagly 40 milliard pakistan rupisi, ýagny takmynan 250 million dollar möçberinde korrupsiýa hadysasyna baş goşandygy öňe sürülýär. Owganystanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň kanun çykaryjylary taslamanyň owgan böleginiň gurluşygynyň yza tesdirilýändigini aýdýarlar.

Bular barada degişlilikde Pakistanyň “Daily Times” hem-de Owganystanyň “Pajhwok” neşirleri 7-nji oktýabrda habar berdiler.

“Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gözleg-barlag işleri bilen bagly Nebit ministrliginiň binýadyndaky “Inter State Gas Systemsiň” ýolbaşçysynyň 40 milliard pakistan rupisi möçberinde maliýe korrupsiýasyna baş goşandygy öňe sürülýär” diýip, Pakistanyň “Daily Times” neşiri ýazýar.

Neşiriň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Inter State Gas Systems kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mobin Saulatyň baş goşan maliýe jenaýatlaryna ýokary wezipeli pakistanly resmileriň göz ýumandygy habar berilýär.

“Galyberse-de çeşmeler taslamanyň gözleg-barlag işlerine diýlip, 226 million dollaryň ‘söýülýän kompaniýa’ berlendigini aýan etdiler” diýip, neşir ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, bu taslamanyň gözleg-barlag işleriniň hakyky bahasy 26 million dollara barabardyr.

Näşiriň maglumatynda Pakistanyň Derňew edarasynyň bu maglumatlar boýunça derňew işini gozgandygy aýdylýar.

Pakistanyň Inter State Gas Systems kompaniýasy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygyna gatnaşýar.

Türkmenistan uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen ýylda 33 milliard kub metr gaz eksport etmegi maksat edinýär.

Mundan ozal, sentýabryň başynda Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň Multan regionyndan Hindistanyň serhedine çenli çekilmeli 200 kilometrlik böleginiň lidar barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalara ýol berlendigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty transmilli taslamanyň gurluşyk işleriniň ilerleýändigini gaýtalaýar. 2018-nji ýylyň fewralynda türkmen resmileri bu taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny yglan edenden soň, geçen ýylyň noýabrynda Saud Arabystanyndan 35 kilometrlik, şu ýylyň aprelinde Russiýadan 214 kilometrlik truba satyn aldy. Ýöne döwlet telewideniýesinyň esasy habar programmalary TOPH taslamasynyň tamamlanandygy aýdylýan türkmen böleginde düşürilen wideo sýužetleri efire bermeýär.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli harajatlaryň 85 prosentini Aşgabadyň özi çekýär.

Bu maglumatlaryň fonunda, 7-nji oktýabrda Owganystanyň “Pajhwok” neşiri owgan kanun çykaryjylarynyň taslamanyň owgan böleginiň gurluşygynyň yza tesdirilmegine alada bildirýändiklerini habar berdi.

Maglumata görä, ýurduň ykdysadyýet ministri TOPH taslamasynyň owgan böleginde işleriň barşy barada hasabat bermek üçin Owganystanyň parlamentiniň aşaky palatasyna çagyryldy.

“Eger häzirki ýagdaý dowam etse, bu taslama 30 ýylda-da tamamlanmaz” diýip, owgan metbugaty parlamentde Helmand welaýatyna wekilçilik edýän kanun çykaryjy Mustafa Mansuryň sözlerini sitirleýär.

“Hökümet taslama maýa goýjak sermaýaçylara garaşýardy. Geçmişde birnäçe amerikan kompaniýalary bu taslama maýa goýmaga isleg bildirdi, ýöne Aşgabat bu teklibe garşy çykyp, taslamanyň owgan bölegine türkmen firmalarynyň maýa goýjakdygyny aýtdylar. Türkmenistan häzirki wagtda ykdysady problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bu taslama maýa goýmaga gyzyklanma bildirmeýär” diýip, Owganystanyň ykdysadyýet ministri owgan parlamentinde hasabat bilen çykyş etdi.

“Pajhwokyň” habaryna görä, Owganystanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň kanun çykaryjylary TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygynyň yza tesdirilmeginiň sebäpleriniň derňelmegini sorady.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan häzirki wagtda öz gazyny diňe Hytaýa we Russiýa eksport edip bilýär. Türkmenistan iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär, resmiler muny tassyklamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG