Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň işinde “goýberen kemçiliklerinden” nägilegini bildidi.
Berdiýew bu wezipä soňky gezek geçen ýylyň iýunynda, MHM-niň öňki ministri "işde goýbren düýpli kemçilikleri" üçin wezipesinden boşadylandan soň bellendi.
Bu nägilelik golaýda ýurduň uzak wagtlyk içeri işler ministri Isgender Mulikowyň wezipesinden çetleşdirilmeginiň we harby çinleriniň peseldilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Mejlisiň dowamynda beýleki resmileriň işinden görnüp duran nägilelik bildirilmedi.
TDH döwlet baştutanynyň şu ýylyň geçen on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine seredendigini we harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitländigini habar berýär.
Mejlisde ozaly milli howpsuzlyk ministriniň hasabaty diňlendi we oňa “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berk käýinç yglan edildi.
Şeýle-de Berdiýewe ýol beren kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmek tabşyryldy, emma ol kemçilikler barada hiç bir anyk zat aýdylmady.
Soňra Berdimuhamedow, Ýaragly Güýçleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, esgerleriň pagata ýygmak ýaly işlere çekilýän wagtynda, harby gullugyň gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri görmegiň hem wajypdygyny belledi.
IIM-niň başlygy Mämmethan Çakyýewe "ýol gözegçiligi gullugynyň işini talabalaýyk guramaga aýratyn üns bermegiň zerurdygy" ýatladyldy. Bu ýatlatma Azatlygyň ýol gözegçiligindäki korrupsiýa barada beren yzygiderli maglumatlarynyň gytaklýayn tassyklanmasy bolup göründi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewiň hasabatyndan soň prezident “ilkinji nobatda, kazyýetleriň abraýyny hem-de kazyýet işiniň hilini ýokarlandyrmaga” ünsi çekdi.
Soňra ol Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek hakynda permana gol çekdi.
Baş prokuror Batyr Atdaýewiň hasabatyndan soň Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda karara gol çekdi.
Adalat ministri B.Muhamedowyň hasabatyndan soň prezident ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellese, Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyp hasabatyny diňläp, döwrebap tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak hakynda durup geçdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hem hasabat hasabat berdi. TDH prezidentiň “bu düzümiň işiniň ileri tutulýan meselelerine” gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekendigini aýdýar, emma hiç bir detal açmaýar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi Aşgabat aeroportunda Türkiýä gidýän uçardan her gün diýen ýaly onlap ýolagçynyň alnyp galynýandygy hakynda çykan habarlaryň yz ýanynda geçirildi, emma bu barada mejlisde hiç bir zat aýdylmady.
Şeýle-de mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işinde giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa faktlary hakynda gürrüň edilene meňzemeýär.