Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda onlarça raýat ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýär


Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň resminamalaryny barlaýan ýurduň migrasiýa gullugynyň işgärleri. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň resminamalaryny barlaýan ýurduň migrasiýa gullugynyň işgärleri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygy, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri habar berýärler.

“Şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap edildi. Indi şol sanawlarda rugsat berlen döwletlere-de okamaga gitmäge rugsat berilmeýär. Soňky aýyň dowamynda onlarça oglan-gyz uçara goýberilmedi” diýip, şu ýagdaýy başdan geçiren lebaply ýaşlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri 19-njy awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda uçara goýberilmedik lebaply ýaşlar barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçynyň sözlerine görä, Aşgabadyň halkara aeroportundaky Migrasiýa gullugynyň resmileri ýaşlaryň uçara goýberilmezliginiň sebäpleri barada takyk we resmi düşündiriş bermeýärler.

Türkmenistanda daşary döwletlere, hususan-da, Kipre okamaga we işlemäge gitmek isleýän raýatlaryň ýurtdan çykmagynyň çäklendirilýändigi barada Kiprde okaýan türkmen ýaşlarynyň biri hem habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren türkmenistanly student şu ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan başlap türkmen häkimiýetleriniň Kipriň demirgazyk böleginde okaýan ýa-da işleýän raýatlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýändigini aýtdy.

“Raýatlaryň aglabasynda iş ýa-da okuw wizasy bolsa-da, olar Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmeýär. Meniň gyz jigim hem şutaýda okaýar. Tomusky dynç alşynda öýe [Türkmenistana] dolanan jigim hem häzir ýurtdan çykyp bilmän kösenýär. Onda okuw wizasy bar. Ol hiç bir düzgüni bozmady, ol bu ýerde işlemeýärdi, diňe kanun esasynda okaýardy” diýip, Kiprde okaýan türkmen studenti 19-njy awgustda gürrüň berdi.

Student käbir iş beriji türk kompaniýalaryň öz işgärleriniň ýurtdan goýberilmegini sorap, Türkmenistanyň ilçihanasyna arza bilen ýüzlenendigini hem aýtdy. Ýöne ol bu kompaniýalaryň türkmen ilçihanasyna tabşyran arzalarynyň hem häzirlikçe oňaýly netije bermeýändigini belledi.

Şol bir wagtda, ol soňky hepdäniň dowamynda käbir tanyş-bilişleriniň resmilere ýa-da araçylara “para bermek” arkaly ýurtdan çykmagy başarandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Kipre gelen tanyşlarym aeroportda daşary ýurtlara uçjak uçarlara diňe para beren adamlaryň goýberilýändigini aýtdylar. Soňky günlerde gürrüňdeş bolan türkmenistanly tanyşlarymyň azyndan üç sanysynyň aýtmagyna görä, araçylar ýa-da aeroportuň işgärleri daşary ýurda çykmak isleýän her bir raýatdan ortaça $2000 alýarlar. Indi bizem jigimi ýurtdan çykarmak üçin şu möçberdäki parany bermäge mejbur bolmagymyz gaty ähtimal” diýip, türkmenistanly student sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmileri we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem-de onuň Lebap welaýatyndaky edarasy bilen habarlaşyp, häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda raýatlaryň, şol sanda daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän ýa-da okuwa giren türkmen ýaşlarynyň ýurduň daşyna çykmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, şol sanda Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabadyň aeroportunda onlarça adam ýurduň daşyna goýberilmedi. Aşgabadyň halkara aeroportundaky Migrasiýa gullugynyň resmileri olaryň uçara goýberilmezliginiň sebäplerini hem düşündirmediler diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy gürrüň berdi.

Şeýle-de, şol aýyň dowamynda Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň Duşenbedäki habarçysy Mullorajab Ýusufi diňe bir Täjigistanyň Pedagogika döwlet uniwersitetinde bilim alýan 100 çemesi türkmenistanlynyň, şeýle-de Medisina uniwersitetinden birnäçe adamyň geçen okuw ýylynyň başyndan bäri Türkmenistana gidensoň yzyna dolanyp bilmändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmileri her bir raýatyň hereket azatlygynyň, öz ýurdunyň daşyna çykmak we ýaşajak, işlejek, okajak ýerini saýlamak boýunça hukuklarynyň kanun taýdan berjaý edilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlap gelýärler. Şeýle-de, bular barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda kepil geçilýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýändigi baradaky habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Türkmenistan adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG